8
Atamyrat etrabyndaky 32–nji orta mekdebiň matematika mugallymy
Aýsoltan Tairowanyň Garaşsyzlygyň şanly şanly 26 ýyllyk
baýramçylygyna bagyşlap 5-nji synp okuwçylary bilen
„Garaşsyzlyk–arzuw edip ýetenim,
bu gün toý toýlaýar eziz Watanym!“ diýen
temada geçjek ertirliginiň
meýilnamasy.
Türkmenistan – toýly mekan
Barha ösýär öňe bakan
Agzybirdir ili bekän
Garaşsyzlyk bagt getirdi.
Köpeltmekden bölmekden
Sanlardan kök almakdan
Okuwçylaryň baryna
Gyzgyn salam gönderýär
Janly matematika.
Tanaýandyr hemmeler
Şahyr Omar Haýýamy
Oň düzen kalendary
Haýran etdi eýýamy.
Hasap bilen döredi
Uly öňe gidişler.
„Wostoklary“ uçurdy
Uly öňe gidişler.
Muhammet Al–Horezmi
Algebrany ýazypdyr
Nasreddin Tusi bolsa
Tablisalar düzüpdir.
1. Matematika ylmy barada aýdylan sözler.
: „Matematika–ähli ylymlaryň açarydyr!“
: „Matematika– bu akylyň maşkydyr!“
„Tebigaty öwrenmekde matematika iň oňat ýeke–täk
girişdir!“
: „Sifrler dünýäni dolandyrmaýarlar, emma olar
dünýäni nähili dolandyrmagyny görkezýärler „
2. Sanlar. Okaýarlar okuwçylar topary.
-o-
Tıgre meňzeş
Tegelek nul men
„hasap sagady
Duşýaryn men zol
Dostlarym barka
Sana goşulyan
Dostlarym ýokka
Hiç kimem däl men
-1-
Ýekeje özüm
Çykyp şa ýola
Ertirden bäri
Garaşýan nula
Hul dostum şu gün
Gezmäge geljek
Gelse begenip
Menä 10 boljak
-2-
Irden alňasap
Barýarkam işe
Dyzym agyrtdym
Büdüräp daşa
Eý, siz bezzatlar
Ýörelýän ýola
Hiç haçan kerpiç
Zyňmaly dälä
-3-
Burnum şahly goç
Ýetip gelýär giç
Diýseler gorkma
Ol mendirin üç
-4-
Sapaga jogap
Bermekçi bolup
Özümi synap
Görmekçi bolup
Ençe gün bäri
Göterýän elim
Ozaldan bäşlik
Alypdym telim
-5-
Dost tutsaňyz
Siz meni eger
Islendik ýerde
Kömegim deger
-6-
Akrobatika
Men örän ökde
Kelläm aşakda
Aýagym gökde
-7-
Iki elim
Uzadyp öňe
Maşk edýän ynha
Serediň maňa
Sizede hökman
Maşk etmek gerek
Şeýtseňiz dostlar
Sagdyn bor ýürek
-8-
Gar adam bilen
Biz dogan ekiz
Ol-a gar adam
Men bolsa sekiz
-9-
Ozal altydym
Ýerimden galdym
Ihdi men ynha
Dokuza döndüm
3. Aýdym. Mugallym. Ýerine ýetirýärler Redžepowa Jennet
4. Ýedi amalyň dawasy. Okaýarlar okuwçylar topary.
Bölmek:
Bir seretseň durkuma
Drob ýaly dyrkum bar
Hem iki nokat
Üýtgäp dürli görküm bar
Dawa jenjel bolanda
Men hemişe bardyryn
Manat bolsun pul bolsun
Paýlamaga zoduryn
Alyp baryjy:
Çydap bilmän dereje
Böküp çykdy ornuna
Indi gezek meňki diýip
Kakyberdi garnyna
Dereje:
Ulaldýan diýip öwünme
Men hemişe bardyryn
Ulaltmaly bolanda,
Men hemmeden zorduryn
Kök almak:
Meniň adym radikal
Kök almak hem diýýärler
Kölege men sanlara
Sizden artyk söýýärin
Şonuň üçin ýanymda
Öwünmäň siz gomparyp
Kök alaýsam baryňdan
Galarsaňyz sompa
Alyp baryjy:
Şey diýdi-de ýylgyryp
Ol sözüni soňlady
Ýaş hasapçy sypdyrman
Ol sözleri diňledi
Hasapçy:
Diňledim men baryňyz
Aýdanlaryňyz derekli
Her ylymda her işde
Ýediňizem gerekli.
5. Aýdym. Türkmenistan . Ýerine ýetirýär Atamuradowa Bagdagül we
Akmedowa Oguljan.
6. Bäşleriň dawasy. Okaýarlar okuwçylar topary.
Erteki däl, wakany Günleriň ajap güni,
Hakykatdan alýarys Bu şat bäşler üýüşdi
Bäşleriň dawasyna Özara jedelleşip
Içgin nazar salýarys Şeýle sözler diýişdi.
Doganlaryň atlary. Birlik:
Birlik, Ikilik, Üşlik Birlik çykdy ortara.
Galan iki hem Gerekliniň biri men.
Dörtlük, arzyly bäşlik Ýaşlary gorkuzmakda
Ökdesi men piri men.
Meni ýoldaş edeniň.
Diňmez sesi – sezasy,
Ençe gün, ençe gije,
Bolmaz onuň mazasy.
Awtor:
Diýip aýdan mahaly, Meni görüp durkalar,
Ikilik orta çykdy. Hiç kim saňa seretmez.
Gahar edip birlige, Kineli aýdan sözüň,
Juda gazaply bakdy. Ýüregimde ýer etmez
Awtor:
Saklap bilmän gülkisin, Nädip gülmän duraýyn,
Üçlük gurup söz aldy. Biraz göwne degýärsiň.
Ikilige seredip. Nirede meni görseň,
Joşup jakyrdap güldi. Derrew başyň egýärsiň.
Çünki ýaşlaň barysy,
Meni senden eý görýär.
Dogrymy diýsem käsi,
Hut dogany deý görýär,
Awtor: Dörtlük:
Ardynjyrap dörtlik hem, Isleýäni men olaň
Gezegini bermedi. Okuwçylaň jany men
Öz-özünden göwni hoş, Olaň gündeliginde,
Gözi hiç zat görmedi Soltany men, hany men.
Göwünleri galkynýar,
Meni gören mahaly.
Hemişe hemme üçin,
Men iň gymmat bahaly.
Awtor: Bäşlik:
Olaň gepin diňleýip, Siziň gürrleriňiz,
Hoş boldy güle-güle. Asla maňa ýakanok.
Aşakdaky sözleri, Meni ele salanlar,
Bäşlik getirdi dile. Size gülip bakanok.
Dörtlik inim, sarpaň bar,
Käşge senem kän bolsaň.
Olaň gündeliginde,
Soltan bolsaň, han bolsaň
Menä okuwçylaryň,
Altyn ýaly geregi.
Damarda gan ýöredýän.
Päkizeje ýüregi,
Maňa hemdem boljaklar
Zähmeti kän çekmeli
Tertip-düzgün tarapdan
Awtor: Rüstem bolup çykmaly
Diýip Bäşlik aýdanda Bular baryp turuzyp
Üçler gahar etdiler Itekleşip durdular
Gelip ýaňky bäşligiň Bir-biriniň elinde
Ýakasyndan tutdular Tutaklaşyp durdylar
Awtor:
Bir akylly okuwçy
Niredendir geldi-de
Doganlara ýüzlenip
Şeýle diýdi güldi-de
Akylly okuwçy:
Birlik, senä görünme, Akyllyja oglanjyk,
Gum bol çykarman demi. Uludan demin alyp.
Hiç haçanam bolmarsyň. Dörtlik bilen bäşligi,
Okuwçylaň hemdemi. Gitdi öňüne salyp.
Ikilik, senem bar git Köp ýöräp hem az ýöräp,
Aramyzda görünme. Bossanlyga ýetdiler.
Saňa bizde orun ýok, Şol ýerde duşlemegi
Üstümize sürünme. Birden karar etdiler.
Üşlik, senem gaýdyber, Beýleki üç doganlar,
Aramyzda ornuň pes. Yzan- çuwan böküşip
Dörtlik,Bäşlikler barka. Zarynlap agladylar,
Geregi şo, bize bes. Gözde ýaşyn dödüşip.
7. Sahna. Ýerine ýetirýärler okuwçylar topary.
8. Aýdym. Şelpeli durna. Ýerine ýetirýärler Berdiýewa, Kullarowa, Haýytowa.
9. Käbir geometriki figuralaryň şekilleriniň kesgitlemesiniň goşguda beýany.
Okaýarlar okuwçylar topary.
Tanaň gönüburçlugy,
Ini, boýy ikiden,
Dört burçy bar 90- lyk
Hiç bozulmaz berk beden.
Iki diagonaly,
Bir nokatda kesişer,
Kesişme nokadynda,
Deň bölünip ýetişer.
Gönüburçluk bozular.
Burçlaryny ýiteltseň
Meýdanyn hasaplaňda
Inin, boýna köpeltseň
Meýdanynyň birligi,
Kwadratlar ölçegi
Artyp ulalyberse
Ar gektar bolar çeni
Perimetr jem bolar.
Dört tarapy – daşy bar.
Mellek ýer, uçastoklar.
Durmuşda görnüşi bar.
gradus.
Ahli burçlarynyň jemi.
Dörtburçluklar içinden.
Tanaň ýalňyşman ony.
A
B C
Bir gönide ýatmaýan,
Üç nokat ara boşluk.
Birikdir kesim bilen,
Alynýandyr üçburçluk.
Şol üç nokat depesi,
Kesimlerem tarapy,
Belgisi kiçi görnüş,
Depedäki üç harpy.
Gyzlar! Hä!
Geliň sowal–jogap aýdyşalyň! Geliň!
Oglanlar:
Kwadratlyň içinde
Çyzyp uly– kiçisin.
Üçburçlukdan ýerleşdi,
Sanap biliň näçeken?
Oglanlar! – Hawwa.
Bizä bildik! –Näçe eken?
Sanap–sanap kem goýman,
Jemini 16 etdik.
Oglanlar! – Hawwa.
Bizde-de bir sowal bar!
Hany , aýdyň eşdeli.
Gyzlar Iki ogul, iki ata
Bir agtyk cykdy cete.
Alty sany almany
Paýladylar deň sany.
Hersi aldy ikiden,
Dogrumuka şu ýeten?
Oglanlar.
Iki ogul, iki ata
Bary bolar üç adam.
Alty sany almany,
Paýlanyňda deň—deňden
Ekbetde ikiden ýeter.
Oglanlaryň sowaly.
Islendik bir nokatdan,
Deň daşlaşan barymyz.
Şol nokatdan bölseňiz,
Aýa meňzeş ýarymyz.
Hany indi pikirlen,
Gördüňizmi kömelek.
Sellesini ýada sal,
Onuň ady töwerek.
Gyzlar.
Bir aýagy demirden,
Bir aýagy kömürden.
Ölçär, biçer, çyzgy çyzar.
Eger adyn bilseňiz,
Hany aýdyň, oglanlar.
Oglanlar.
Okuwçylaň ýanynda,
Mydam gerek guraldyr.
Hemmeler bilýär gyzlar,
Onuň ady sirkuldyr.
10. Sahna. Ýerine ýetirýärler okuwçylar topary.
11.Aýdym. Redžepowa Jennet Atamuradowa Bagdagül