Salgylanma formulada ulanmaly berlenleri saklaýan öýjükleri ýa-da belleme çäklerini görkezýär. Salgylanma elektron tablisanyň dürli böleklerinde ýerleşýän berlenleri bir formulada we bir öýjügiň bahasyny birnäçe formulada ulanmaga mümkinçilik berýär. Bahalary beýleki öýjüklere bagly bolman özbaşdak kesgitlenýän öýjüklere esasy öýjükler diýilýär. Bahalary beýleki öýjükleriň bahalary boýunça hasaplamalaryň kömegi bilen alynýan öýjüklere berlenlerden öndürilen diýilýär. Mysal : D5=B5*С5. Bu ýerde B5, С5 esasy öýjükler, D5 bolsa berlenlerden öndürilen öýjük. Eger D6 öýjügiň bahasyny şol formula bilen hasaplamak gerek bolsa, onda ýene-de D6=B6*С6 formulany ýazmaly. D sütüniň ähli öýjüklerini degişli B we С sütünleriň öýjükleriniň köpeltmek hasyllary bilen awtomatik doldurmak has amatlydyr. Bu ýerde öýjükleriň formula girýän otnositel (göräleýin üýtgeýän) salgysy gerekdir. Ýörite görkezilmese öýjükleriň salgylaryna Ехсel programma otnositel salgy hökmünde garaýar. Bu formula boýunça doldurmak usuly bilen nusgany döretmäge mümkinçilik berýär.