kopilkaurokov.ru - сайт для учителей

Создайте Ваш сайт учителя Курсы ПК и ППК Видеоуроки Олимпиады Вебинары для учителей

Semantic peculiarities of proper names in phraseological units in english and turkmen

Нажмите, чтобы узнать подробности

My report is concerned with proper names in English and Turkmen phraseology. The problem of the origin of proper names in phraseological units with the problem of social basis is of great interest. Proper names are the names that are necessary elements of communication and mutual understanding between people.  (from Greek onoma). English proper nouns include people’s names and surnames (antroponyms- John Smith, Ahmet, Leýli),  geographical names (toponyms – the Alps, Africa, America, London), names of Gods (theonyms- Zeus[zjuːs] the supreme god, the son of Cronus (whom he dethroned) and Rhea, and husband of Hera. Zeus was the protector and ruler of humankind, the dispenser of good and evil, and the god of weather and atmospheric phenomena, Apollo [ə'pɔləu] a god, son of Zeus and Leto and brother of Artemis. He is associated with music, poetic inspiration, archery, prophecy, medicine, pastoral life, and the sun; Aurora [ɔː'rɔːrə] goddess of the dawn. Greek equivalent Eos;), names or nicknames of animals (zoonyms-  Melegush, Alabay) names of heavenly bodies (astronyms- Moon, Sun), names of cosmic bodies (cosmonym- ), names of plants (phytonym- ), names of historical and other events (chrononym- ), names of folk (ethnonym - ), names of spiritual culture (ideonym - ), names of material culture (chremotonym- ).

Просмотр содержимого документа
«Semantic peculiarities of proper names in phraseological units in english and turkmen»

Iňlis we türkmen dilleriniň durnukly söz düzümlerindäki has atlaryň semantiki aýratynlyklary.

Meýilnama:

Giriş

I bölüm. Ylmy işiň nazary esaslary

    1. Durnukly söz düzümleri barada düşünje

    2. Has atlar leksikanyň birligi hökmünde

II bölüm. Iňlis we türkmen dilleriniň durnukly söz düzümlerindäki has atlaryň semantiki aýratynlyklary

2.1. Iňlis diliniň durnukly söz düzümlerindäki has atlar

2.2. Türkmen diliniň durnukly söz düzümlerindäki has atlar

Netije

Peýdalanylan edebiýatlar

Sözlükleriň sanawy




































Giriş

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, bu ugurdaky oňyn netijeler barha özünin belent many-mazmunyna eýe bolýar. Ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işler halkymyzyň bagtyýar geljegini nazarlaýar. Diýarymyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze orta we ýokary mekdepleriň sany günsaýyn artýar. Döwrebap mekdeplerde kompýuter, multimediya enjamlary, okatmagyň intraktiw usullaryna gönükdirilen enjamlar ornaşdyrylýar. Bilim ulgamyndaky ösüşleri, üstünlikleri şertlendirýän esasy aýratynlyk biziň ýurdumyzda bilimleriň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegidir. Bu ugurda gazanylan esasy üstünlikleriň biri 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda Daşoguz welaýatynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda Hormatly Prezidentimiz: ”Umumybilim berýän mekdepde bilimleri özleşdirmek üçin azyndan 11-12 ýylyñ gerekdigini dünýä tejribesi görkezýär. Bilimiñ bu basgançagy tebigy-gumanitar ylymlaryñ esaslaryny düýpli öwrenmegi hem, okuwyñ tamamlaýjy tapgyrynda ugurlar boýunça ýöriteleşdirip okatmagy hem öz içine alýar ” diýip belledi. Ýurdumyzyñ umumybilim berýän orta mekdepleriniñ durmuşyndaky düýpli özgertmeler, dünýä tejribesinde oñyn netije görkezen 12 ýyllyk okuw ulgamyna geçmek we milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly beýleki täze başlangyçlar halkymyzyñ ýagty geljegini üpjün etjek ygtybarly ýollaryñ biridir.

Mekdeplerde on iki ýyllyk okuw ulgamyna geçilmegi bilen okuw meýilnamasyna täze dersleri okatmaklyk hem girizildi. Ýaş nesliň milli medeniýete we onuň baýlaşmagyna gyzyklanmalaryny ösdürmek, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek, medeniýet, gözellik baradaky düşünjelerini giňeltmek, sungat we çeper döredijilik bilen gyzyklanmalaryny artdyrmak, milli medeni mirasyň ösmegine we dünýä medeniýetine goşantlaryny goşmaga işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen, orta mekdeplerde “Türkmenistanyň medeni mirasy” diýen okuw dersi girizildi. Bu okuw dersiniň mekdeplere girizilmeginiň nesil terbiýesinde uly ähmiýeti bar, sebäbi ata-babalarymyz müňlerçe ýyllaryň akyl tejribesine esaslanýan çeper söz sungatynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyny miras goýupdyrlar. Ata-babalarymyz ol eserlere özüniň baý many – mazmunyna Watana, ýurduňa, mähriban topragyňa, il-günüňe, halallyga, päk zähmet çekmeklige, ruhybelent ýaşaýşa bolan belent söýgüsini siňdiripdir.

Dünýäni kabul etmek we oňa akyl ýetirmek her halkda dürli hili bolup geçýär. Dil – munuň özi şol dili göterijileriň pikirlenme hadysasynyň emele gelmeginde ýüze çykýan serişde hem-de medeniýetiň şekili hökmünde hyzmat edýär. Şol bir wagtda-da dil milli medeniýetiň aýnasy hökmünde çykyş edýär. L.Waýsgerber dile şeýle kesgitleme berýär: “Dil-milletiň döreden zady, ol ata-babalardan gelip ýetip öz şekilini akyl ýetirmek prosesinde tapdy”1. Häzirki zaman dil medeniýeti dilleriň özara gatnaşmagynda 2 dürli kodlaryň emele gelmeginde ýagny dili we medeniýeti, dil belgileriniň medeni semantiki aýratynlyklaryny öwrenýär. Diliň durmuş , jemgyýetiň taryhy,onuň medeniýeti bilen ýakyn arabaglanyşykda bolup durnukly söz düzümlerinde köp derejede ýüze çykýar. Durnukly söz düzümlerinde halkyň milli özboluşlylygyny, onuň aýratynlyklaryny, mentalitetini, ýagny şol halkda bolup geçýän wakalara öz dünýägaraýşy boýunça baha bermeklik ýüze çykýar. Durnukly söz düzümleri ýa-da başgaça aýdanymyzda frazeologik birlikler özünde adamlaryň pikirlenmesiniň düýp manysyny jemleýär. Giň manyda durnukly söz düzümleri dili göterýän halkyň durmuşynyň dürli şertlerinde ornaşan mazmunyny görkezýär. Olarda halkyň ruhy tejribesi jemlenen. Iňlis we türkmen dillerinde beýleki dillerde bolşy ýaly, dil birlikleriniň milli-medeni semantikasy ýagny dil aňlatmalary, iňlis-türkmen tebigatynyň aýratynlyklary, halkyň nesilden-nesle geçýän ykdysadyýeti, halk döredijiligi, çeper edebiýaty, sungaty, ylmy, däp-dessurlary, gündelik durmuşy özüne çekiji we möhüm bolup durýar.

Durnukly söz düzümlerinde aýratyn gyzyklanmany hem olardaky has atlar döredýär. Islendik diliň frazeologik birlikleriniň düzüminde belli bir derejede has atlar diýen bölegi bolýar. A.I. Molotkowyň kesgitlemegine görä, frazeologik birlikleriň 2% has atlardan düzülen2. [4; 81]

Düzüminde has atlar bolan durnukly söz düzümleri bize olary dürli toparlara bölüp öwrenmegi talap edýän mümkinçiligi döredýär.

Ylmy işiň wajyplygy: Düzüminde has atlar bolan frazeologik birlikleriň dürli dillerde ulanylmagy we olaryň gündelik durmuşda, gepleşiklerde peýdalanylmagy, durnukly söz düzümleriniň ýerlikli ulanylmagy zerurdyr, çeper edebiýatyň eserleri bir dilden beýleki dile terjime edilende, çeper dilde ulanylýan frazeologik birliklere aýratyn üns bilen seredip geçmeli, sebäbi terjime edilen eseriň manysy okyja, asyl nusgadaky bolşy ýaly ýetirilse, terjimeçiniň dile çeperligi we biliminiň çuňlygyny açyp görkezýär. Terjimeçiniň terjime etmegiň inçe tärlerini, bulardan başga-da şol diliň taryhyny, durmuşyny, däp-dessurlaryny giňden öwrenenligi belli bolýar.

Ylmy işiň esasy maksady iňlis we türkmen dillerindäki düzüminde onimler bolan frazeologik birliklerine degişli durnukly söz utgaşmalarynyň many aýratynlyklaryny derňäp, umumylyklaryny we aýratynlyklaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Ylmy derňewiň çäklerinde iňlis we türkmen dilleriniň düzüminde onim bolan frazeologik birlikleriň gelip çykyş taryhyny öwrenmek bilen birlikde, sosial häsiýetleri taýdan toparlara bölüp öwreniler. Şeýle hem iňlis dilindäki durnukly söz düzümlerine esaslanýan obrazlarynyň türkmen diline terjime edilişi seljeriler. Berlen durnukly söz düzümlerine görä iňlis we türkmen frazeologik birlikleriniň ýerine ýetirýän wezipeleri barada düşünje bermek.

Ylmy işiň wezipeleri ylmy işiň maksadyna ýetmek üçin öňde goýulan wezipeler:

  1. “Frazeologizm” diýen düşünjäniň dürli konsepsiýalaryny öwrenmek we düşündirmek

  2. Iňlis we türkmen dillerindäki durnukly söz düzümleriň düzümindäki has atlaryň gelip çykyşyny öwrenmek.

  3. Iňlis we türkmen dilleriniň durnukly söz düzümlerindäki has atlary toparlara bölmek.

  4. Iňlis we türkmen dilleriniň durnukly söz düzümlerindäki has atlaryň gelip görnüşlerini deňeşdirmek.

Işiň ylmy täzeligi we nazaryýete goşandy iňlis we türkmen dillerindäki düzüminde has at bolan idiomalaryň gurluş taýdan öwrenilmegi, olaryň özara deňeşdirilmegi, ilkinji gezek tipologik taýdan öwrenilýär we tapawutlaryny açyp görkezýänligi bilen kesgitlenýär.

Ylmy işde peýdalanylan usullar. Ylmy işde dil biliminiň tipologik degşirme usulyndan peýdalanyldy.

Ylmy işiň nazary we amaly gymmaty işiň amaly netijesi hem-de berlen mysallar okuw sapaklarynda, gündelik durmuşda we edebi döredijilikde ulanylyp bilner. Bu ylmy iş şu tema bilen gyzyklanýan talyplara hem peýdaly maglumat bolup, täze okuw gollanmalarynyň ýazylmagyna uly goşant goşar. Şeýle hem Leksikologiýa derslerinde goşmaça okuw gollanma hökmünde ulanylyp bilner.

Ylmy işiň netiijeleri barada Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de geçirilen ylmy-amaly maslahatlarda çykyş edildi.

Ylmy işiň netijeleri iňlis dili, edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mejlisinde diňlenildi we ylmy bäsleşige hödürlenildi.

Ylmy işiň gurluşy we möçberi. Işiň möçberi -- sahypadan ybarat. Ylmy iş girişden, iki bapdan, netijeden we ulanylan edebiýatlardan ybarat.








I bölüm Ylmy işiň nazary esaslary

    1. Durnukly söz düzümleri barada düşünje

Haýsy-da bolsa bir dilde ulanylýan sözleriň hemmesine şol diliň leksikasy ýa-da sözlük düzümi diýilýär. Türkmen diliniň sözlük düzüminiň esasy türkmen diliniň öz sözleridir. Alynma sözler hem dilimiziň sözlük düzüminiň baýlygydyr.

Sözler bir we köp manyly bolup bilýär. Sözüň ilkinji we esasy aňladýan manysyna onuň asyl manysy diýilýär.

agaç, alma, galam.

Emma "göz" sözi öz asyl manysyndan, ýagny adamlaryň, haýwanlaryň görüş organyndan başga-da örän köp manyda ulanylýar.

agajyň gözi, iňňäniň gözi, çeşmäniň gözi, horjunyň gözi we başgalar.

Ynha şunuň ýaly sözleriň öz asyl manysy bilen bagly başga-da birnäçe manyda ulanylmagana sözleriň köp manylylygy diýilýär.

Sözler köp manylylykdan başga-da göçme manyda hem ulanylýar.

Duz sözüniň asyl manysy nahara atylýan tagamly zady-jisimi aňladýar. "Seniň sözüň duzy ýok" diýsek, göçme manyda gelýär. Ugur-utgasyz söz diýmegi aňladýar.

Sözleriň özara many we grammatik taýdan ikibir-ikibir baglanyşmagyna söz düzümleri diýilýär.

Gara galam, meniň kitabym.

Söz düzümleriniň birinji sözüne garaşly söz, ikinji sözüne esasy söz diýilýär. Söz düzümleriniň garaşly sözi belli bir soraga jogap bolýar. Olara soraglar esasy sözüň üsti bilen berilýär.

Derýanyň suwy - nämäniň suwy? Sary gawun - nähili gawun?

Türkmen dilinde söz düzümleriniň örän köp görnüşleri ulanylýar. Bulary emele getirýän sözleriň özara baglanyşygy hem dürli-dürli bolýar. Olaryň esasylary şulardyr:

  • Garaşly söz köplenç eýelik düşümde, esasy söz belli bir ýöňkemede gelýär. Bular biri-birleri bilen şol goşulmalar arkaly baglanyşýarlar.

Meniň kitabym, üzümiň ýapragy, gawunyň çigidi.

Şu hili söz düzümleriniň garaşly sözi eýelik düşümiň goşulmasyny kabul etmän hem ulanylýar.

Obanyň adamlary - oba adamlary, mekdebiň okuwçylary - mekdep okuwçylary.

  • Garaşly sözi hemişe sypatdan, esasy sözi atdan bolýar. Şunda birinji söz goşulma kabul etmeýär. Olar biri-birleri bilen öz manylary boýunça baglanyşýarlar we birinji söz nähili? neneňsi? diýen soraga jogap bolýar.

Sary gawun, gara üzüm, beýik depe, ak telpek, galyň mata, uly gazan.

Esasy söz san, ýöňkeme, düşüm goşulmalaryny kabul edip biler.

Sary gawun - sary gawunlar, sary gawunlaryň; gara üzüm - gara üzümler, gara üzümiň, gara üzümden.

Söz düzümleriniň we sözlemleriň özlerine mahsus bolan aýratynlyklary bar. Sözlemler doly gutaran oý-pikirleri aňladýarlar, emma söz düzümleri doly gutaran oý-pikiri aňlatmaýarlar. Şonuň üçin sözlemler hemişe özbaşdak ulanylyp bilýärler, emma söz düzümleri, köplenç, sözlemleriň içinde ulanylýarlar.

Söz düzümleri erkin we durnukly söz düzümleri diýen toparlara bölünýärler. Olar mazmuny, hyzmaty, ulanyşlary, düzümindäki sözleriň ýagdaýy boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar.

Erkin söz düzüminde onuň komponentleriniň her biri sözlemiň bir agzasy bolup gelmäge ukyplydyr, bir esasy söze birnäçe garaşly söz baglanyp gelip bilýär. Şol garaşly sözleriň her biri sözlemde grammatik soraga jogap bolýar. Garaşly sözleriň orun taýyndan ýerleşdirilişi erkin ýagdaýda bolýar, ýagny baglanyşýan sözleriň arasyna başga sözler hem düşüp bilýär, onuň gerimi giň bolýar.

Gyzlar häzir (haçan?) ýuwaşlyk bilen (nähalda?) mekdebe tarap (nirä?) ugradylar.

Durnukly söz düzümlerini emele getirýän sözleriň hemmesi bir soraga jogap bolup, sözlemde bitewilikde bir agza bolýarlar.

Agzy gowşak. Böwregi bökmek (gülmek).

Durnukly söz düzümlerinde sözleriň ýerlerini çalşyrmak, üýtgetmek ýa-da aralaryna başga söz goşmak, köplenç, mümkin däl3.

Leksikologiýada giňden öwrenilýän söz utgaşmalary durnukly söz utgaşmalarydyr.

Eýýäm 18-nji asyryň ahyryna frazeologik birlikler ýörite sözlüklerde dürli atlar bilen berlip çap edilýär (atalar sözi, ganatly sözler, ideomalar, nakyllar).

Diliň frazeologik düzümi özünde gurluş we semantiki gatnaşyk taýdan kyn birikmeleri emele getirýär. Frazeologiýa kyn we köp zähmeti talap edýän ylmy işiň predmeti, entägem frazeologik birlikler barada birnäçe pikirler, garaýyşlar ýüze çykýar.

Frazeologiýa – grek sözi bolup, (phrasis –aňlatma, logos – söz, taglymat), dilde aşakdaky manylarda ulanylýar:

  1. Dil biliminiň durnukly söz düzümleri – frazeologizmleri öwrenýän bölümi;

  2. Dildäki durnukly aňlatmalaryň – frazeologizmleriň jemi;

Dil biliminde frazeologizmleriňçägini kesgitlemekde ýeke-täk anyk garaýyş ýok. Bu jedelli mesele boýunça lingwistikada iki hili garaýyş bar:

  1. Frazeologizme dar manyda düşünilýär we oňa obrazlylygy, göçme manylylygy, ekspressiw öwüşgünliligi bilen häsiýetlendirilýän we atlandyrmak hyzmatyny ýerine ýetirýän durnukly frazeologik birlikler girizilýär.

  2. Frazeologizme giň manyda düşünilip, oňa bulardan başga-da nakyllar, atalar sözi, durnukly aňlatmalar, dürli söz düzümleri, aforizmler, ewfemizmler ýaly durnukly häsiýete eýe bolan ähli birlikler hem degişli hasap edilýär.

Leksikologiýada frazeologizmleriň leksika-semantik gatnaşyklary derňelýär. Şol gatnaşykda bolmaga bolsa diňe söze barabar bolan frazeologizmler ukyplydyrlar. Şonuň üçin bu bölümde frazeologizmleriň çägini olara dar manyda düşünmek arkaly kesgitlemek ähmiýetlidir. Şeýlelikde, leksikologiýa bölüminde frazeologizmler leksik, semantik, sintaktik taýdan durnukly bolan, many bitewüligini saklamak bilen, tutuşlygyna alnanda, bir düşünjäni aňlatmaga, atlandyrmaga ukyply obrazly, ekspressiw-stilistik öwüşginli durnukly söz düzümleri hökmünde kesgitlenilýär. Meselem: ökje götermek – gaçmak, gulak asmak – diňlemek, heşelle kakmak – begenmek we ş.m.

Frazeologizmleriň leksik taýdan durnuklylygy olaryň düzümine girýän we olary emele getirýän ähli komponentleriň bir leksik birlik hökmünde kabul edilýänligi we edil sözler ýaly dilde taýýar görnüşde ulanylýanlygy bilen düşündirilýär. Şoňa görä-de, frazeologizmleriň düzümindäki komponentleri çalşyryp hem, üýtgedip hem, olara täze söz goşup ýa-da söz aýryp hem bolmaýar. Meselem: eli açyk – sahy, jomart; dünýä inmek – dogulmak; dili gysga – müýnli, aýyply; aralaryndan gyl geçmeýär – örän agzybir we ş.m.

Frazeologizmleriň semantik taýdan durnuklylygy olaryň düzümindäki komponentleriň hemmesiniň birigip, bitewülikde bir düşünjäni, manyny aňladýanlygy bilen düşündirilýär. Frazeologizmleriň düzüminde ol sözler öz hakyky leksik manysyny ýitirýärler. Meselem: erni suwly – lellim, gowşak; eli egri- ogry; gözüni sykmak- aglamak; äbede-jüýje – agzybir; depesi göge ýetmek – ýetmek – begenmek we ş. m.

Frazeologizmleriň sintaktik taýdan durnuklylygy olaryň düzümindäki komponentleriň ählisiniň birigip, bir sözlem agzasy hasap edilýänliginden gelip çykýar. Meselem: Otdan abat çykyp şonda sag-aman, Depäm göge ýetdi (näme etdi?) meniň sowuk suwa urman (nädip?) ýaşarsyňyz (“Mugallymlar gazeti”). Köse ýaşam bolsa köpi gören (nähili?) ýeser ýigit bolmaga çemeli (Ç. Aşyr).

Frazeologizmler gurluşy boýunça söz düzümine, käte sözleme barabar bolsalar-da, manylary taýdan diňe söze ýa-da söz düzümine barabar bolýarlar. Sebäbi olar hem sözler ýaly predmeti, zady, hili, alamaty, hereketi, ýagdaýy we ş.m. atlandyrmak (nominatiw) hyzmatyny ýerine ýetirýärler. Şol sebäpden olar hem özara biri-biri bilen sözlere mahsus bolan leksika-semantik gatnaşyklarda bolup bilýärler.

Durnukly söz utgaşmalarynda birikmäni emele getirýän sözler öz hususy manylaryny kem-käsleýin ýitirýärler we semantiki taýdan ol sözler birigip bir many aňladyp gelýärler. Şonuň üçin bu utgaşmalara frazeolofik birikmeler diýilýär. Meselem, göwnüm suw içmedi diýen birikme halamadym, göwnüme ýaramady diýen manyda gelýär. Iňlis dilinde “a nose of wax” (bolgusyz, ugursyz adam), “first night” (teatrda ilkinji çykyş). Durnukly söz utgaşmalary dürli görnüşde bolýar. Professor Winogradow olary şu aşakdaky ýaly üç topara bölýär: frazeologik bitişmeler (phraseological fusions), frazeologik birleşmeler (phraseological unities) we frazeologik utgaşmalar (phraseological çombinations).

  1. Frazeologik bitişmelerde bitişme agzalary özbaşdaklygyny doly ýitiren we bir görnüşde üýtgewsiz ulanylýan sözler birigip bir many aňladyp gelýär. Meselem, türkmen dilinde: kazasy doldy, pisendim oturmady, göze çöp atmak, agzyň bişmek, oda- köze düşmek; iňlis dilinde: to set one’s cap at smb., to show the white feather, to stick to one’s word.

  2. Frazeologik birleşmeleriň beýleki frazeologik birikmelerden bir tapawudy bu birikmäniň käbir sözlerini başga sözler bilen çalşyp bolýar. Meselem: gökden düşen ýaly – asmandan düşen ýaly hem diýip bolýar. Iňlis dilinde: a nigger in the fence – a nigger in the woodpile. Bularda hiç hili many üýtgemeýär.

  3. Frazeologik utgaşmalarda hem käbir sözlerini çalyşmak mümkinçiligi bar, emma bu çalşykda birikmäniň manysy hem üýtgeýär. Meselem, türkmen dilinde

Frazeologik birikmelere başgaça idiomalar hem diýilýär. Idiomalar bir many aňladýan frazeologik birikmelerdir. Ideomalaryň şu aşakdaky ýaly aýratynlyklary bar. Ideomanyň düzümindäki sözleri bölmek bolmaýar, eger bölünse olaryň ideomatik häsiýeti ýitýär. Meselem, göwnüm suw içmeýär, gözi ýoguň ýüzi ýok. Ideomalaryň manysy emosional, täsir ediji häsiýetli bolýar. Mysal üçin, kül peýkun etmek; jübümde it uwlaýar.

Frazeologik birikmeleriň ýene-de bir görnüşi nakyllardyr. Nakyllar durmuşyň dürli hadysalaryny umumylaşdyrýan obrazly aňlatmalardyr. Nakyllarda her bir halkyň ýaşaýşynyň milli özboluşlylygy, aýratynlygy, watana söýgi, durumlylyk, mertlik, paýhas berijilik, dogruçyllyk häsiýetler bar. Işlemedik dişlemez. Serçeden gorkan dary ekmez. Baş bolmasa göwre läş. Ýatan öküze iým ýok.

Frazeologik utgaşmalaryň ýene-de bir görnüşi atalar sözüdir. Atalar sözi nakyllara örän ýakyn birikmelerdir, emma olaryň nakyllardan az-kem tapawudy bar. Bular gaty gysga, emma degerli aýdylýan obrazly parasatly pikirlerdir. Atalar sözüniň ýene bir aýratynlygy olaryň nygtaýjy häsiýeti bar. Meselem: ökjesi ýere degenok, agzynda aş gatyklaýar;









































    1. Has atlar leksikanyň birligi hökmünde

Dilimizdäki sözleriň aglaba bölegi atlardyr. Tebigatdaky ähli zatlaryň: adamlaryň, haýwanlaryň, mör-möjekleriň, ot-çöpleriň, jemgyýetdäki wakadyr hadysalaryň... atlaryny bildirýän, kim, näme, nire diýen soraglara jogap bolýan sözlere atlar diýilýär.

Has atlar – onimler (grek dilinden onoma – a:t) adamlara aragatnaşykda we özara düşünişmekde gerek bolan zatlaryň biri. Has atlar oýlap tapylyp ýa-da döredilip bilner.

Has atlara şular degişli: antroponimler ( adam atlary), toponimler (geografiki atlar), teonimler (hudaýlaryň atlary), zoonimler (haýwan atlary ýa-da lakamy), astronimler (asman jisimleriniň atlary), kosmonimler (kosmos giňişligindäki jisimleriň atlary), fitonimler (ösümlikleriň atlary), hrononimler (taryhy wakalar bilen baglanyşykly atlar), ideonimler (ruhy medeniýetiň has atlary), hrematonimler (maddy medeniýetiň atlary), etnonimler (halk atlary).


















II bölüm. Iňlis we türkmen dilleriniň durnukly söz düzümlerindäki has atlaryň semantiki aýratynlyklary

2.1. Iňlis diliniň durnukly söz düzümlerindäki has atlar


Honest (ýa-da old) Abe4 –[25; 3] amer. “dogruçyl (ýa-da garry) Eýb (Prezident Awram Linkolnyň lakamy [A. Lincoln, 1809-65] ). Meselem, And on that fateful July morning in 1881, President Garfield was to take the final fearful pace in the footsteps of “Old Abe”. (J. Cottrell, “Assassinational The World Stood Still”, part I, ch. 3) – bu betbagt 1881-nji ýylyň iýul daňdany Prezident Garfildiň durmuşynda aýylganç wakanyň şaýady boldy, ol onuň ykbalyny “garry Eýbiň” ykbalynyň meňzeşliginiň ahyry boldy.

Johnny Head-in-(the-) Air5 – asmanda uçup, hyýal pikirlere çümýän adam. Meselem, Much of his morning walk was passed in a dream… Nanny used to jeer at him, calling him Little Johnny Head-in-Air (Suppl). – Ol tutuş daňdanky gezelençde diýen ýaly... Nenni oňa “dünýaden bihabar ýartygulak” diýip azap berýärdi.

John (-) nokes and John (-) a (-) styles – kön. ýönekeý adamlar. Meselem, ...as willing to plead for John o’Nokes as for the first noble of the land (W. Scott, “Guy Mannering”, ch XLII) - ... Olar kazyýetde öňünden çykan ýurduň saýlanan adamlaryny aklaýşy ýaly, duş gelen adamy goramaga taýýar.

Alpha and Omega – альфа и омега, başlangyç we ahyr; grek elipbiýinde alpha -1-nji, omega - iň soňky harp. Meselem, Kiderlen wrote: “The Russian assurance concerning relations with England is the alpha and omega for me of the whole agreement” (A. J. P. Taylor, “The Struggle for Mastery in Europe, 1848 – 1918, ch XX)- Kiderlen ýazýar: “Russiýanyň Angliýa bilen gatnaşygyna degişli ynandyrma men üçin tutuş ylalaşykda alfa we omegadyr.”

In the arms of Morpheus – Morfeýiň gujagynda , düýşde (gadymy grek mifologiýasynda – düýşüň hudaýy) – Meselem, The night operator answered the phone. “This is Perry Mason”, he said. “I suppose Paul Drake is wrapped in the arms of Morpheus.” (E. S. Gardner, “The Case of the Runaway Corpse”, ch 5) – giçki telefonistkanyň sesini eşidip, Perri Meýson şeýle diýdi: - Pol Dreýk henizem Morfeýiň gujagyndadyr.

Laugh like Audrey – “körpe Odri ýaly gülmek”, çyn ýürekden gülmek (aýratynam kyn ýagdaýda ) (Şekspiriň “Size bu nähili ýaraýar?” komediýasyndan alnan gahrymanyň ady) – If I choose to… laugh like little Audrey when I’m all knotted up… who the hell’s got the right to forbid me? (Suppl) – Eger-de men... aladasyz gülýän bolsam, hat-da öz işlerimde başagaý bolsamam, onda alakakmyş kim maňa ony gadagan edip biler???

Billy Bunter – iýermen, tagaşyksyz semiz ýetginjek (Fr. Riçarsdyň eserlerindäki mekdep okuwçysynyň adyndan alnan). Mysal üçin: “It is better for Britain, ” declared an M.P. recently, “to have a few more Billy Bunters than the kind of hunger which was caused to many children before milk in schools.” (‘Times’, March 7, 1959, Suppl) – eger bizde mugt süýt berilmänkä duş gelen aç distrofikler bolandan Billi Bantere meňzeş okuwçylarmyz bolsa, Britaniýa üçin gowudyr- diýip Parlamentiň agzasy belledi.

An act of God – [29; 3] 1. Adamyň elinde bolmadyk zat. Meselem: the surgeons of the town did what their poor science suggested to bring life back to her paralysed limb. At last they admitted that they could do nothing. It was an act of God. (W. S. Maugham, “Catalina”, ch. 2) – şäher lukmanlary Katalinanyň ysmaz aýagyny bejermek üçin bar bilenini edip, elinde baryny gaýgyrmadylar. Ahyry olar özüniň güýjüniň ýokdugyny boýun almaga mejbur boldular. “Indi ähli zat Hudaýyň elinde”, - diýip habar berdiler.

God’s Acre – ewf. mazarlyk, gabrystan (bu söz nemes “der Gottesacker” sözünden gelip çykýar. Meselem, Eight little O’Caseys planted safe in God’s acre. (S. O’Casey, “Sunset and Evening Star”, “Deep in Devon”) - 8 sany kiçijek O’Keýsi çuňňur ukuda mazarlykda ýatyrlar.

Adam’s apple – kekirdek ýumrusy, bokurdak ýumrusy. Meselem, George entered the office of the property broker, a little bald, old man with a thin neck and prominent Adam’s apple. (G. Gordon, “Let the Day Perish”, part I, ch. X) – Jorj keltejik kel, inçe boýunly bokurdak ýumrusy bilen ýöreýän garrynyň edarasyna gozgalmaýan mülk meselesi bilen girdi.

Tell it not in Gath – gepleşikde (gelip çykyşy bibliýa. 2 Samuel, I, 20). – bu habary hiç kime aýdaýmaň, duşmanlar begenmesin. Meselem: There may be present, though whisper it not in Gath” – his incisive expression became arch – “an editor or two, distinguished representatives of the Press. I think I can promise you a stimulating evening” (A. J. Cronin, “Shannon’s Way”, book IV, ch. 7) – Olardan başga-da bolup biler, ýöne hiç kime hiç zat aýtmaly däldir, - onuň ýüzünde kinaýaly bakyş peýda boldy, - çaphananyň görnükli wekillerri bir ýa iki redaktor. Ajaýyp agşamlyk men taýýarlajak.

The Dutch act – (amer. žargon) öz janyňa kast etmeklik. Mysal üçin, “She only came abroad to do the Dutch act”, said Captain Parker. “It was a hell of a thing. A young girl” (J. O’Hara, “Butterfield 8”, ch. 10) – Ol gämä öz janyna kast etmek üçin mündi – kapitan Parker aýtdy. – Heläkçilikli ýagdaý. Özem şeýle ýaş.

Discover America – Amerikany açmak , hemmä mälim bolan zady aýtmak. Meselem, The Chancellor of the Exchequer, with all the air of someone discovering America in the year 1963, announced that the Tories had not “obtained the allegiance” of the younger generation of voters. (“Daily Worker”, July 8, 1963) –adam sypatly “Amerikany açan” kaznaçeýstwanyň kansleri 20-nji asyryň ortasynda torilere ýaş saýlananlary “öz tarapyna çekmeli däl”.

The best of British luck to you!- gepleşikde ulanylýan kinaýa –size şowlulyk nesip etmez diýip umyt edýän! Size şowsuzlyk arzuw edýän! – Meselem: If you are set on this mad idea of leaving home, you better do it at once and the best of British luck to you6. – Eger sen öz öýüňi taşlamagy ýüregiňe düwen bolsaň, onda haýal etmän git! Goý, saňa şowsuzlyk duçar bolsun.

Pandora’s box – Pandoranyň gutusy, ähli betbagtçylyklaryň çeşmesi. Meselem: European unity, in Ernest Bevin’s view, was a “Pandora’s box” best kept firmly shut. (“The Political Quarterly”, Jan. – March, 1962) – Ernest Bewiniň pikirine görä, Ýewropa bileleşigi ýapyk saklanylsa gowy bolýan Pandoranyň gutusyny ýatladýar.








    1. Türkmen diliniň durnukly söz düzümlerindäki has atlar


Alynyň aryny Ahmetden almak7 - (çykarmak) günä sizi köteklemek, gaharyňy başga bir zatdan ýa adamdan çykarmak, günäkäre derek başga birinden ar almak. Horlanýar ýol boýy, berýär azary Ahmetden alynýar Alynyň ary (A.Kekilow). Alynyň aryny Ahmetden aldy, Çoluk pahyr rugsat-jogapsyz galdy (B.Seýtäkow).

Mejnun bolmak8 – däli-telbe bolmak, diwana bolmak, akyldan azaşmak. Şikäre çyksa-da dilegi şoldy, oglunyň yzynda ol Mejnun boldy. (B.Seýtäkow). Mejnun bolup tiz mahal, çykjakmyşym daglara (A. Gurtgeldiýew)

Gürrüňbaşy bolmak 9– her bir gep-gürrüň gozgalan ýerde adyň tutulmak, gürrüňiň edilmek. Şol günden soň Taýmaz agaň Gürrüňbaşy bolup galdy (K. Gurbannepesow)

Nuh eýýamy (döwri)10 – Nuh pygamberiň ýaşan döwri. 2. Köp asyrlar, ýyllar mundan öň, ata-babam döwri, gadym eýýäm. Ol bir nuh eýýamyndan bolup geçen zat. (A. Gowşudow). Nuh eýýamyndan galan pis işler, Täze durmuş gurýan ile ýaraşmaz. (Mollamurt).

Hazan ýeli11 – 1. Güýz bilen gyşyň sepgidinde, akrabyň öň ýanynda öwüsýän, işiňden – bagryňdan geçip barýan ýakymsyz ýel. Ýüregim gyýylýar gyzyň halyna , Hazan ýeli degen gül jemalyna (A. Kekilow).

Hydyr ata ýaly 12– kyn ýagdaýda hemaýat eden, agyr günüňde ýetişen (adam hakda). Söz oňa Hydyr ata ýaly ýetişdiňiz (Edebiýat we sungat)

Hydyr diýeniň hyrs çykmak13 – gowy diýeniň erbet çykmak, tamaň çykmazlyk, aldanmak. Eý ýaranlar, bu nädendir, bilmezem Hydyr diýip el urdugym hyrs çykar (Magtymguly)

Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn 14– daşdan mysal alma-da, gözümize görkez. “Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn”, geliň ekin meýdanyna baryp göräýeliň. (Edebiýat we sungat)

Hatam taý ýaly15 – sahy, jomart. Ilata sarp elläp döwletiň-malyn. Hatam sypatyna girmek biläni (Baýly şahyr). Eli giňlik etmekde Hatam taý ýaly.

Hatap gala16 – näbelli ýer, näbelli ýurt. Keýmirkör aýtmyşlaýyn: türkmeniň ýurdy hatap palady (B. Kerbabaýew)

Şeýlelikde, frazeologik birlikleri has atlaryň toparlara bölünişine görä toparlara bölüp bilýaris. Ýagny, mifologiýadan, çeper eserlerden, halk döredijilikden, dini kitaplardan, geografiki ýerleriň atlary bolan durnukly söz düzümleri:

Düzüminde antroponim bolan frazeologik birlikler:

Weli bolmasa Welije17 – ol bolmasa başga biri, ol bolmasa beýlekisi. Aýby ýok, Weli bolmasa Welije ederis (N. Pomma).

Alynyň aryny Ahmetden almak18 - (çykarmak) günä sizi köteklemek, gaharyňy başga bir zatdan ýa adamdan çykarmak, günäkäre derek başga birinden ar almak. Horlanýar ýol boýy, berýär azary Ahmetden alynýar Alynyň ary (A.Kekilow). Alynyň aryny Ahmetden aldy, Çoluk pahyr rugsat-jogapsyz galdy (B.Seýtäkow).

Honest (ýa-da old) Abe19 – [25; 3] amer. “dogruçyl (ýa-da garry) Eýb (Prezident Awram Linkolnyň lakamy [A. Lincoln, 1809-65] ). Meselem, And on that fateful July morning in 1881, President Garfield was to take the final fearful pace in the footsteps of “Old Abe”. (J. Cottrell, “Assassinational The World Stood Still”, part I, ch. 3) – bu betbagt 1881-nji ýylyň iýul daňdany Prezident Garfildiň durmuşynda aýylganç wakanyň şaýady boldy, ol onuň ykbalyny “garry Eýbiň” ykbalynyň meňzeşliginiň ahyry boldy.

Johnny Head-in-(the-) Air20 – asmanda uçup, hyýal pikirlere çümýän adam. Meselem, Much of his morning walk was passed in a dream… Nanny used to jeer at him, calling him Little Johnny Head-in-Air (Suppl). – Ol tutuş daňdanky gezelençde diýen ýaly... Nenni oňa “dünýaden bihabar ýartygulak” diýip azap berýärdi.

John (-) nokes and John (-) a (-) styles – kön. ýönekeý adamlar. Meselem, ...as willing to plead for John o’Nokes as for the first noble of the land (W. Scott, “Guy Mannering”, ch XLII) - ... Olar kazyýetde öňünden çykan ýurduň saýlanan adamlaryny aklaýşy ýaly, duş gelen adamy goramaga taýýar.

Mifologiýadan alnan düzüminde has at bolan frazeologik birlikler:

In the arms of Morpheus – Morfeýiň gujagynda , düýşde (gadymy grek mifologiýasynda – düýşüň hudaýy) – Meselem, The night operator answered the phone. “This is Perry Mason”, he said. “I suppose Paul Drake is wrapped in the arms of Morpheus.” (E. S. Gardner, “The Case of the Runaway Corpse”, ch 5) – giçki telefonistkanyň sesini eşidip, Perri Meýson şeýle diýdi: - Pol Dreýk henizem Morfeýiň gujagyndadyr.

Pandora’s box – Pandoranyň gutusy, ähli betbagtçylyklaryň çeşmesi. Meselem: European unity, in Ernest Bevin’s view, was a “Pandora’s box” best kept firmly shut. (“The Political Quarterly”, Jan. – March, 1962) – Ernest Bewiniň pikirine görä, Ýewropa bileleşigi ýapyk saklanylsa gowy bolýan Pandoranyň gutusyny ýatladýar. 103 sah Kunin

Çeper eserlerden alnan düzüminde has at bolan frazeologik birlikler:

Mejnun bolmak21 – däli-telbe bolmak, diwana bolmak, akyldan azaşmak. Şikäre çyksa-da dilegi şoldy, oglunyň yzynda ol Mejnun boldy. (B. Seýtäkow). Mejnun bolup tiz mahal, çykjakmyşym daglara (A. Gurtgeldiýew)

Laugh like Audrey – “körpe Odri ýaly gülmek”, çyn ýürekden gülmek (aýratynam kyn ýagdaýda ) (Şekspiriň “Size bu nähili ýaraýar?” komediýasyndan alnan gahrymanyň ady) – If I choose to… laugh like little Audrey when I’m all knotted up… who the hell’s got the right to forbid me? (Suppl) – Eger-de men... aladasyz gülýän bolsam, hat-da öz işlerimde başagaý bolsamam, onda alakakmyş kim maňa ony gadagan edip biler???

Billy Bunter – iýermen, tagaşyksyz semiz ýetginjek (Fr. Riçarsdyň eserlerindäki mekdep okuwçysynyň adyndan alnan). Mysal üçin: “It is better for Britain, ” declared an M.P. recently, “to have a few more Billy Bunters than the kind of hunger which was caused to many children before milk in schools.” (‘Times’, March 7, 1959, Suppl) – eger bizde mugt süýt berilmänkä duş gelen aç distrofikler bolandan Billi Bantere meňzeş okuwçylarmyz bolsa, Britaniýa üçin gowudyr- diýip Parlamentiň agzasy belledi.



Halk döredijilikden alnan has at bolan frazeologik birlikler:

Hatam taý ýaly22 – sahy, jomart. Ilata sarp elläp döwletiň - malyn. Hatam sypatyna girmek biläni (Baýly şahyr). Eli giňlik etmekde Hatam taý ýaly.

Teonimiki (Dini kitaplardan alnan has at bolan) frazeologik birlikler:

Nuh eýýamy (döwri)23 – Nuh pygamberiň ýaşan döwri. 2. Köp asyrlar, ýyllar mundan öň, ata-babam döwri, gadym eýýäm. Ol bir nuh eýýamyndan bolup geçen zat. (A. Gowşudow). Nuh eýýamyndan galan pis işler, Täze durmuş gurýan ile ýaraşmaz. (Mollamurt).

Hydyr ata ýaly 24– kyn ýagdaýda hemaýat eden, agyr günüňde ýetişen (adam hakda). Söz oňa Hydyr ata ýaly ýetişdiňiz (Edebiýat we sungat)

Hydyr diýeniň hyrs çykmak25 – gowy diýeniň erbet çykmak, tamaň çykmazlyk, aldanmak. Eý ýaranlar, bu nädendir, bilmezem Hydyr diýip el urdugym hyrs çykar (Magtymguly)

An act of God – 1. Adamyň elinde bolmadyk zat. Meselem: the surgeons of the town did what their poor science suggested to bring life back to her paralysed limb. At last they admitted that they could do nothing. It was an act of God. (W. S. Maugham, “Catalina”, ch. 2) – şäher lukmanlary Katalinanyň ysmaz aýagyny bejermek üçin bar bilenini edip, elinde baryny gaýgyrmadylar. Ahyry olar özüniň güýjüniň ýokdugyny boýun almaga mejbur boldular. “Indi ähli zat Hudaýyň elinde”, - diýip habar berdiler.

God’s Acre ewf. mazarlyk, gabrystan (bu söz nemes “der Gottesacker” sözünden gelip çykýar. Meselem, Eight little O’Caseys planted safe in God’s acre. (S. O’Casey, “Sunset and Evening Star”, “Deep in Devon”) - 8 sany kiçijek O’Keýsi çuňňur ukuda mazarlykda ýatyrlar.

Adam’s apple – kekirdek ýumrusy, bokurdak ýumrusy. Meselem, George entered the office of the property broker, a little bald, old man with a thin neck and prominent Adam’s apple. (G. Gordon, “Let the Day Perish”, part I, ch. X) – Jorj keltejik kel, inçe boýunly bokurdak ýumrusy bilen ýöreýän garrynyň edarasyna gozgalmaýan mülk meselesi bilen girdi.

Tell it not in Gath – gepleşikde (gelip çykyşy bibliýa. 2 Samuel, I, 20). – bu habary hiç kime aýdaýmaň, duşmanlar begenmesin. Meselem: There may be present, though whisper it not in Gath” – his incisive expression became arch – “an editor or two, distinguished representatives of the Press. I think I can promise you a stimulating evening” (A. J. Cronin, “Shannon’s Way”, book IV, ch. 7) – Olardan başga-da bolup biler, ýöne hiç kime hiç zat aýtmaly däldir, - onuň ýüzünde kinaýaly bakyş peýda boldy, - çaphananyň görnükli wekillerri bir ýa iki redaktor. Ajaýyp agşamlyk men taýýarlajak.

Alpha and Omega – альфа и омега, başlangyç we ahyr; grek elipbiýinde alpha -1-nji, omega - iň soňky harp. Meselem, Kiderlen wrote: “The Russian assurance concerning relations with England is the alpha and omega for me of the whole agreement” (A. J. P. Taylor, “The Struggle for Mastery in Europe, 1848 – 1918, ch XX)- Kiderlen ýazýar: “Russiýanyň Angliýa bilen gatnaşygyna degişli ynandyrma men üçin tutuş ylalaşykda alfa we omegadyr.”

Düzüminde toponim bolan ( Geografiki ýerlerden alnan has at bolan) frazeologik birlikler:

Hazan ýeli26 – 1. Güýz bilen gyşyň sepgidinde, akrabyň öň ýanynda öwüsýän, işiňden – bagryňdan geçip barýan ýakymsyz ýel. Ýüregim gyýylýar gyzyň halyna , Hazan ýeli degen gül jemalyna (A. Kekilow).

Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn 27– daşdan mysal alma-da, gözümize görkez. “Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn”, geliň ekin meýdanyna baryp göräýeliň. (Edebiýat we sungat).

The Dutch act – (amer. žargon) öz janyňa kast etmeklik. Mysal üçin, “She only came abroad to do the Dutch act”, said Captain Parker. “It was a hell of a thing. A young girl” (J. O’Hara, “Butterfield 8”, ch. 10) – Ol gämä öz janyna kast etmek üçin mündi – kapitan Parker aýtdy. – Heläkçilikli ýagdaý. Özem şeýle ýaş.

Discover America – Amerikany açmak , hemmä mälim bolan zady aýtmak. Meselem, The Chancellor of the Exchequer, with all the air of someone discovering America in the year 1963, announced that the Tories had not “obtained the allegiance” of the younger generation of voters. (“Daily Worker”, July 8, 1963) –adam sypatly “Amerikany açan” kaznaçeýstwanyň kansleri 20-nji asyryň ortasynda torilere ýaş saýlananlary “öz tarapyna çekmeli däl”.

The best of British luck to you!- gepleşikde ulanylýan kinaýa –size şowlulyk nesip etmez diýip umyt edýän! Size şowsuzlyk arzuw edýän! – Meselem: If you are set on this mad idea of leaving home, you better do it at once and the best of British luck to you28. – Eger sen öz öýüňi taşlamagy ýüregiňe düwen bolsaň, onda haýal etmän git! Goý, saňa şowsuzlyk duçar bolsun.




















Netije

Angliýanyň we Türkmenistanyň frazeologik dünýäsinde öz şekilini tapýan uzak taryhy bar. Frazeologiýada has atlar esasy orny eýeleýär. Onimleri frazeologik birlikleriň komponenti hökmünde öwrenmeklik lingwokulturologiýada gyzyklanma döredýär. Biziň iňlis we türkmen frazeologik birliklerimiziň düzümindäki has atlara bagyşlanan degşirme usulyna degişli ylmy derňewimiz şeýle netijeleri berýär:

Frazeologik birliklere dürli garaýyşlaryň bolýandygyna garamazdan, olar umuman aýdanda erkin bolmadyk, motiwirlenmedik, islege görä ulanyp,

Berlen ylmy işde

14 iňlis

10 türkmen durnukly söz düzümleri bar.




















Peýdalanylan edebiýatlar

  1. “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976;

  2. G. Açylowa “Häzirki zaman türkmen dilinde durnukly söz düzümleri” Aşgabat, 1977

  3. A.W. Kunin “Большой англо-русский фразеологический словарь” Москва, 1984;

  4. Кучешева И.Л. Имена собственные как термины в подъязыке английской лингвокультуры.—Омск, 2012.

  1. English Dictionary for Speakers of Lithuania. (2000).

  2. Everaert M. (1995). Idioms. Structural and psychological perspectives. Lawrence Erlbaum Associates.

  3. Ifill T. (2002) Seeking the Nature of Idioms: A Study in Idiomatic Structure. Haverford College.

  4. Locke J. (1869) An Essay Concerning Humane Understanding.

  5. Longman Dictionary of Contemporary English (2003).

  6. Longman idioms dictionary (1999). Longman.

  7. Makkai, A. (1972). Idiom Structure in English. The Hague: Mouton

  8. Mill J. S. (1843) A System of Logic.

  9. Moreno R. Relevance Theory and the construction of idiom meaning ()

  10. Oxford Talking Dictionary.

  11. Pulman S. (1986) The recognition and interpretation of idioms. University of Cambridge Computer Laboratory.

  12. Saeed, J. I. (2003), Semantics. Oxford: Blackwell.

  13. Stressler J. (1982). Idioms in English – a pragmatic analysis. Gunter Narr Verlag.

  14. Valeika L. (2003) Introductory course in theoretical English grammar. Vilnius pedagogical university.

  15. https://dictionary.reverso.net/english-definition/johnny+head+in+the+air

  16. usingenglish/reference/idioms/cat/

  17. dictionary (Based on the Random House Dictionary, © Random House, Inc. 2009.)

  18. en./wiki/Idiom

  19. idiomconnection/mostfrequent.html#A

  20. en.wiktionary/wiki/User:EncycloPetey/English_proper_nouns

  21. wisegeek/what-is-a-toponym.htm

  22. en.18dao/Idiom_Dictionary/Person's_name

  23. wiki.name/en/Name_idioms

  24. users.tinyonline.co.uk/gswithenbank/eponyms.html

  25. english-sayings/going-jesse/6744

  26. phrases.uk/meanings/raising-cain.html

  27. urbandictionary/define.php?term=Freudian%20slipworldwidewords/qa/qa-bob1.htm





















Sözlükleriň sanawy

  1. “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976;

  2. G. Açylowa “Häzirki zaman türkmen dilinde durnukly söz düzümleri” Aşgabat, 1977

  3. A.W. Kunin “Большой англо-русский фразеологический словарь” Москва, 1984;

  4. Jennifer Seid L / W.McMordie “English idioms and how to use them” Moscow, 1983;

  5. English Dictionary for Speakers of Lithuania. (2000);

  6. Longman Dictionary of Contemporary English (2003);

  7. Longman idioms dictionary (1999). Longman;
























1 [Цит. по: Катермина, 1998].

2 Кучешева И.Л. Имена собственные как термины в подъязыке английской лингвокультуры.—Омск, 2012. (стр 81)

3 https://enedilim.com

4 A.W. Kunin “Большой англо-русский фразеологический словарь” Москва, 1984, стр 25

5 https://dictionary.reverso.net/english-definition/johnny+head+in+the+air

6 А.В. Кунин “Большой англо-русский фразеологический словарь” Mосква, 1984 (стр 78)

7 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 25)

8 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 259)

9 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 141)

10 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 270)

11 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 336)

12 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 349)

13 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 349)

14 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 344)

15 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 342)

16 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 342)

17 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 62)

18 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 25)

19 A.W. Kunin “Большой англо-русский фразеологический словарь” Москва, 1984 стр 25

20 https://dictionary.reverso.net/english-definition/johnny+head+in+the+air

21 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 259)

22 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 342)

23 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 270)

24 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 349)

25 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 349)

26 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 336)

27 “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” Aşgabat, 1976 (sah 344)

28 А.В. Кунин “Большой англо-русский фразеологический словарь” Mосква, 1984 (стр 78)


Получите в подарок сайт учителя

Предмет: Английский язык

Категория: Прочее

Целевая аудитория: Прочее.
Урок соответствует ФГОС

Скачать
Semantic peculiarities of proper names in phraseological units in english and turkmen

Автор: Колдашева Парахат Азизджановна

Дата: 10.06.2019

Номер свидетельства: 514264

Похожие файлы

object(ArrayObject)#850 (1) {
  ["storage":"ArrayObject":private] => array(6) {
    ["title"] => string(85) "Semantic Peculiarities of Proper Names in Phraseological Units in English and Turkmen"
    ["seo_title"] => string(79) "semantic_peculiarities_of_proper_names_in_phraseological_units_in_english_and_1"
    ["file_id"] => string(6) "514269"
    ["category_seo"] => string(15) "angliiskiyYazik"
    ["subcategory_seo"] => string(7) "prochee"
    ["date"] => string(10) "1560189020"
  }
}
object(ArrayObject)#872 (1) {
  ["storage":"ArrayObject":private] => array(6) {
    ["title"] => string(85) "Semantic Peculiarities of Proper Names in Phraseological units in English and Turkmen"
    ["seo_title"] => string(79) "semantic_peculiarities_of_proper_names_in_phraseological_units_in_english_and_2"
    ["file_id"] => string(6) "514275"
    ["category_seo"] => string(15) "angliiskiyYazik"
    ["subcategory_seo"] => string(7) "prochee"
    ["date"] => string(10) "1560190537"
  }
}

Получите в подарок сайт учителя

Видеоуроки для учителей

Курсы для учителей

ПОЛУЧИТЕ СВИДЕТЕЛЬСТВО МГНОВЕННО

Добавить свою работу

* Свидетельство о публикации выдается БЕСПЛАТНО, СРАЗУ же после добавления Вами Вашей работы на сайт

Удобный поиск материалов для учителей

Ваш личный кабинет
Проверка свидетельства