kopilkaurokov.ru - сайт для учителей

Создайте Ваш сайт учителя Курсы ПК и ППК Видеоуроки Олимпиады Вебинары для учителей

Fizika dersinden mysaly sapak ýazgysy.

Нажмите, чтобы узнать подробности

Mugallymlara nusgalyk synp ýazgysynyň gozükdirmesi.

Просмотр содержимого документа
«Fizika dersinden mysaly sapak ýazgysy.»


Mysaly sapak ýazgysy


10.04.2016ý Fizika, 8-nji synp

I. Sapagyň temasy: Elektrik togunyň kuwwaty

2. Sapagyň maksady: Okuwçylara elektrik togunyň kuwwatyny öwretmek we düşündirmek.

a-bilim berjilik maksady,

b-terbiýeçilik maksady,

ç-ösdurijilik maksady)

3. Sapakda ulanylmaly görkezme esbaplar we goşmaça maglumatlar:

(elektrik çeşmesi, birikdiriji sim, açar, woltmetr, ampermetr, okuw

kitaby, paýlama ýumuşlar, 18-nji görkezme esbap)

4. Sapagyň görnüşi: Adaty sapak

Sapagyň gidişi:

  1. Sapagyň guramaçylyk döwri (bu ýerde mugallym okuwçylaryň ünsüni

gönükdirip, sapagy başlamag taýýarlyk geçmelidir,meselem:ýazmak

üçin hek barmy, tagtany süpürmäge şert barmy, okuw kitaby barmy,

okuwçylaryň depderleri barmy, ruçka,galam,çyzgyç we.ş.m barmy?

Bulardan başga-da okuwçylaryň gatnaşygyny barlamaly, okuwçylaryň

milli lybasynda geýnişine seretmeli, synp tagtasynyň we okuw otagynyň

arassaçylygyna seretmeli)

II.Geçilen temany soramak (Bu ýerde geçilenleri soramak üçin anyk

soraglar goýulmalydyr.)

Soraglar:

  1. Elektrik togunyň işi diýlip nämä aýdylýar?

  2. Elektrik togunyň işi nähili formula bilen hasaplanylýar?

  3. Elektrik togunyň işiniň birligi näme?

  4. Elektrik togunyň işini nähili abzal bilen ölçeýärler?

  5. 905-nji gönükmäni işläp geldiňizmi?

Naprýaženiýesi 12W, elektrik akymy 2A bolanda 30 sekuntda näçe iş edilýär?

Berlen: Çözülişi:

U=12W A=U I t=12Wx2Ax30s=720 J; A=720 J

I =2A

t=30 s

A=?

III. Geçilen temany jemlemek.(Bu ýerde geçilen tema okuwçylaryň

jogaplaryna laýyklykda jemlenilmelidir )

IV.Täze temany düşündirmek

Wagt birliginde edilen işe san taýdan deň bolan fiziki ululyga kuwwat diýilýär.(6-njy synp)

N=A/t; N-kuwwat; A-iş; t-wagt; Watt=Joul/sekunt; Wt=J/s

P=A/t; p-elektrik togunyň kuwwaty; A- elektrik togunyň işi; t-wagt;

A=P/t=U x I x t; P=A/t=U x I x t/t=U x I ýa-da P=U x I;

Diýmek, zynjyryň berlen bölegindäki elektrik togumyň kuwwaty, bu

bölegiň uçlaryndaky naprýaženiýäniň, ondan akýan elektrik togunyň

güýjüne köpeldilmegine deň bolan fiziki ululykdyr.

P=U x I; 1Wt =1 W x 1 A; 1Watt= 1Wolt x 1 Amper;

g Wt(gektowatt) mWt(milliwatt) Watt-dan

kWt(kilowatt) Watt-dan uly mkWt(mikrowatt) kiçi

MWt(megawatt) birlikler; birlikler


Elektrik zynjyrynyň berlen bölegindäki kuwwaty bilmek üçin

ampermetr bilen elektrik togunyň güýjüni,woltmetr bilen

naprýaženiýäni ölçäp, olaryň görkezmelerini özara köpeltmeli.

Elektrik togunyň kuwwatyny ölçeýän abzala wattmetr diýilýär.

Wattmetriň ölçeg görkezijisi “W” belgi bilen belgilenýär.

_ ________________________________________________



V A W


Suratda woltmetriň,ampermetriň, wattmetriň zynjyra birikdirilişi

görkezilen

V. Geçilen temany berkitmek

Soraglar:

a). Elektrik togunyň kuwwaty diýlip nämä aýdylýar?

b). Elektrik togunyň kuwwatynyň formulasy nähili ýazylýar?

ç). Elektrik togunyň kuwwatynyň birligi näme?

d). Öýüňizdäki ütügiň, sowutgyjyň, telewizoryň kuwwaty näçe deň?

e). 15-nji gönükme(5)

Elektrik hereketlendirijiniň kuwwaty 3 kWt, elektrik togunyň güýji

12 A deň. Elektrik hereketlendirijiniň gysgyçlaryndaky

naprýaženiýäni kesgitläň.

Berlen: Çözülişi:

P=3 kWt =3000 Wt P=U x I; U=P/I=3000 Wt/12 A=250W;

I=12 A P=250W;

U=?

VI. Öý işini tabşyrmak:

§ 23-okamaly (97-98-nji sahypalar)

15-nji gönükme (1,2)-işlemeli

VII. Geçilen temany jemlemek,umumylaşdyrmak we okuwçylary

bahalandyrmak.

Ataýew Rejep – 5

Gurbanow Baýram -5

Orazowa Gülälek - 4

Geldiýewa Merjen - 5

Bellik: Şu tertibi her bir mugallym sapaklaryň dürli görnüşlerine,

geçilýän temanyň möçberine we öz ussatlygyna,

başarjaňlygyna laýyklykda üýtgedip biler.

Mugallymlaryň sapak ýazgylary her gün müdiriň okuw işleri

baradaky orunbasary tarapyndan barlanylyp gol

çekilmelidir.Sapak ýazgylary bir okuw ýylynyň dowamynda

mugallymlaryň özlerinde, çalşyrylyp okadylýan sapaklar üçin

sapak ýazgylary bolsa müdiriň okuw işleri baradaky

orunbasarynda bir okuw ýylynyň dowamynda saklanmalydyr.


Taýýarlan

Baş hünärmen: S.Ataýew


















Получите в подарок сайт учителя

Предмет: Завучу

Категория: Планирование

Целевая аудитория: Прочее

Скачать
Fizika dersinden mysaly sapak ýazgysy.

Автор: Gullyýew Pirnepes

Дата: 11.02.2021

Номер свидетельства: 572870

Получите в подарок сайт учителя

Видеоуроки для учителей

Курсы для учителей

ПОЛУЧИТЕ СВИДЕТЕЛЬСТВО МГНОВЕННО

Добавить свою работу

* Свидетельство о публикации выдается БЕСПЛАТНО, СРАЗУ же после добавления Вами Вашей работы на сайт

Удобный поиск материалов для учителей

Ваш личный кабинет
Проверка свидетельства