Просмотр содержимого документа
«“Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň emele gelmeginiň taryhy we onuň esasy ýagdaýy”.»
Okuw taslamasy: “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň emele gelmeginiň taryhy we onuň esasy ýagdaýy”.
Mary welaýat_22.09.2017
Türkmenistanyň konstitusiýasy esasy ýagdaýy
Meýilnama
Türkmenistanyň konstitusiýasy esasy mazmuny.
I bölüm. Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslary
II bölüm. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary(25- 65)
4.III bölüm. Türkmenistanda döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamy
- Döwlet gurluşy(66-67)
- Türkmenistanyň prezidenti(68-76)
- Türkmenistanyň mejlisi(77-90)
- Türkmenistanyň ministrler kabineti(91-95)
- Kazyýet häkimiýeti(96-108)
5. Döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary(109 -114)
6. IV bölüm. Ýerli öz-özüňi dolandyryşy(115 -118)
7. V bölüm. Saýlaw ulgamy, sala salşyk(119-128)
8. VI bölüm. Prokuratura(129 -133)
9. VII bölüm. Ykdysadyýet we maliýe-karzulgamy(134 -139)
10. VIII bölüm. Jemleýji düzgünler(140-142)
Mary welaýat_22.09.2017
Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy
1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň maslahatynda TürkmenistanyňKonstitusiýasy─Baş Kanuny kabul edildi.
( VIII bölüm - 116 madda )
2008-nji 26-njy sentabrynda Türkmenistanyň nobatdan daşary ХХI Halk maslahatyndaTürkmenistanyňKonstitusiýasy täze redaksiýasy kabul edildi.
(VIII bölüm -117 madda)
2016-njy 14sentabrynda TürkmenistanyňKonstitusiýasy ( rejelenen görnüşi ) kabul edildi.
(VIII bölüm - 142 madda)
Mary welaýat_22.09.2017
Türkmenistanyň konstitusiýasy
Biz, Türkmenistanyň halky,
öz ykbalymyzy kesgitlemäge bolan mizemez hukugymyza esaslanyp,
Watanymyzyň häzirki we geljekki ykbaly üçin jogapkärligimizden ugur alyp,
ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we oňşukly ýaşamagy ündän wesýetlerine wepalylygymyzy we umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygymyzy beýan edip,
milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamagy, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmagy maksat edinip,
adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip,
jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmäge çalşyp,
Türkmenistanyň Esasy Kanunyny – şu Konstitusiýany kabul edýäris.
Mary welaýat_22.09.2017
Türkmenistanyň konstitusiýasyesasy ýagdaýy
I bölüm. Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň
esaslary
1-nji madda.Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwlet dolandyryşyprezident respublikasy görnüşindeamala aşyrylýar.
3-nji madda . Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar,halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr .
Adamyň hukugy.
4-nji madda . Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr.
Mary welaýat_22.09.2017
Türkmenistanyň konstitusiýasy
2-nji madda.Birleşen Milletler Guramasy özüniň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýalarynda Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar.Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar.
9-njy madda. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly,dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär.
Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär.
Mary welaýat_22.09.2017
Türkmenistanyň konstitusiýasyesasy ýagdaýy
6-njy madda.Türkmenistanda döwlet häkimiýeti kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünýär, olar biri-birini deňagramlaşdyryp, özbaşdak hereket edýärler.
Döwlet häkimiýeti:
Kanun çykaryjy häkimiýet -Türkmenistanyň mejlisi(77-90)
Ýerine ýetiriji häkimiýet -Türkmenistanyň ministrler kabineti(91-95)
Kazyýet häkimiýeti -Kazyýet häkimiýeti(96-108)
Hukuk döwleti
8-nji madda . Türkmenistanda kanunyň hökmürowanlygy bellenendir.
Mary welaýat_22.09.2017
Türkmenistanyň konstitusiýasyesasy ýagdaýy
Kanun çykaryjy häkimiýet
Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr.77-nji madda .
Konstitusiýany we kanunlary kabul edýär, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizýär81-nji madda
Döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garaýar81-nji madda, 4)
Ýerine ýetiriji häkimiýet:
Ministler kabineti(91-95)
91-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti (Hökümeti) ýerine ýetiriji we serenjam beriji edaradyr. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygydyr.
94-nji madda . Ministrler Kabineti:
94-nji madda ) Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň namalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar ;
94
Kazyýet häkimiýeti:Ýokary kazyýet we kazyýet edaralary
(96-108)
Kazyýet häkimiýeti raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet hem jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niýetlenendir.
Mary welaýat_22.09.2017
Türkmenistanyň konstitusiýasyesasy ýagdaýy
Demokratik döwlet:
Demokratik döwlet – munda halk öz baştutanlaryny özi saýlaýar. Ýagny, saýlawlaryň üsti bilen prezident saýlanýar.
Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny halk amala aşyrýar, kalk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr
Tm-yň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar.
Hukuk döwlet:
6-njy madda . Türkmenistanda döwlet häkimiýeti kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünýär, olar biri-birini deňagramlaşdyryp, özbaşdak hereket edýärler.
8-nji mada.Adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna täsir edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary hemmeleriň dykgatyna ýetirilmese, olar kabul edilen pursadyndan hereket etmeýärler.
Dünýewidöwlet:
18-nji madda . Döwlet dinleriň we dine uýmagyň erkinligini, olaryň kanunyň öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýrydyr, olaryň döwletiň işine gatyşmagyna we döwletiň wezipelerini ýerine ýetirmegine ýol berilmeýär.
Döwletiň bilim ulgamy dini guramalardan aýrydyr we ol dünýewi häsiýete eýedir.
Mary welaýat_22.09.2017
Türkmenistanyň konstitusiýasy esasy ýagdaýy
TÜRKMENISTANDA ADAMYŇ WE RAÝATYŇ HUKUKLARY, AZATLYKLARY WE BORÇLARY
25-nji madda . Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär hem-de şu Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýär.
55-nji maddaHer bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr.
Mary welaýat_22.09.2017
Türkmenistanyň konstitusiýasy esasy ýagdaýy
16-njy madda.Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar.
Döwletiň ylmy-tehniki syýasaty jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine ýöredilýär.
Döwlet ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.
Raýat jemgyýetiniň ösmegi
17-nji madda. Türkmenistanda syýasy köpdürlülik we köp partiýalylyk ykrar edilýär. Döwletraýat jemgyýetiniň ösmegiüçin zerur şertleri üpjün edýär.Jemgyýetçilik birleşikleri kanunyň öňünde deňdirler.
19-njy madda.Syýasy partiýalaryň, dini guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we gaýry gurluşlaryň taglym ulgamy raýatlar üçin hökmany häsiýete eýe bolup bilmez.
Mary welaýat_22.09.2017
Türkmenistanyň konstitusiýasy esasy ýagdaýy
12-nji madda . Eýeçilik eldegrilmesizdir.Türkmenistan ýere, önümçilik serişdelerine, gaýry maddy we intellektual gymmatlyklara hususy eýeçilik hukugyny ykrar edýär. Döwlet eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýär we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýär .
13-nji madda.Döwlet adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýar, ähli halkyň abadanlygyna durnukly ösüşi üpjün edýär.
47-nji madda.Her bir adamyňtelekeçilikwe kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr.
48-nji madda.Hususy eýeçilik hukugy kanun bilen goralýar.
Her bir adam eýeçiliginde emläginiň bolmagyna, emlägine özbaşdak, şeýle-de beýleki şahslar bilen bilelikde eýelik etmäge, ondan peýdalanmaga we oňa ygtyýar etmäge haklydyr.
Miras hukugy kepillendirilýär.
134-nji madda . ( 12-13, 40, 47,48, 4 madda ) Türkmenistanyňykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar.Döwlettelekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär.
Mary welaýat_22.09.2017
2011-nji ýylyň 18-nji maýynda Aşgabatda Konstitusiýa binasy açyldy