kopilkaurokov.ru - сайт для учителей

Создайте Ваш сайт учителя Курсы ПК и ППК Видеоуроки Олимпиады Вебинары для учителей

Okuwçyny terbiýelemekde pedagogikanyň roly.

Нажмите, чтобы узнать подробности

Okuwçyny berbiýelemekde ähli mugallymlaragözükdirme esasynda gollanma.

Вы уже знаете о суперспособностях современного учителя?
Тратить минимум сил на подготовку и проведение уроков.
Быстро и объективно проверять знания учащихся.
Сделать изучение нового материала максимально понятным.
Избавить себя от подбора заданий и их проверки после уроков.
Наладить дисциплину на своих уроках.
Получить возможность работать творчески.

Просмотр содержимого документа
«Okuwçyny terbiýelemekde pedagogikanyň roly.»

Okuwçyny terbiýelemekde pedagogikanyň roly.

Garaşsyz hem Bitarap watanymyzda pedogogika,psihologiýça, edep, terbiýe we dowrebap okatmaklyga uly üns berilýär.Terbiýe tejribesi öz kökleri bilen adamzadyň emele gelen döwürlerine uzap gidýär. Ol ilkinji adamlar bilen ýüze çykdy. Çagalary hiç hili pedagogikasyz terbiýeläpdirler, onuň barlygyndanam habarsyz bolupdyrlar. Terbiýe barada ylym geometriýa, astronomiýa, fizika we başga ylymlar bilen bir deň ýüze çykýar. Ilkinji jemlemeler, tejribä esaslanmalar, durmuş tejribesi nazaryýet diýip hasaplanmaýar. Olar onuň diňe başlangyjydyr. Meseläni çözmekde alymlar ylmy ugurlarda dürli-dürli usuly ýollara esaslanyp, dürli hili pikirleri öñe sürüpdirler. 1. Psihodinamiki (psihika – ruh, jan, dinamika – güýç) ugur – şahsyýet tebigy jandardygyny, onuñ özüni alyp barşynyň aglaba böleginiň dogabitdi instinktleriň esasynda dolandyrylýandygyny ykrar edýär. Şahsyýetiň kemala gelşinde bu ugra degişlilikde hiç hilli kömeksiz diýen ýaly taglymaty esaslandyryjy Z. Freýddir. Ol: «Terbiýe – bu adamyñ jemgyýetiñ talabyna boýun bolmagynyñ netijesidir» diýip düşündirýär. Başgaça aýdanyňda, onuň psihodinamiki taglymatynda idiň (içki meýilleriň) egonyň (jemgyýetiň kada-kanunlarynyň) talaplaryna boýun edilmegi terbiýe tutumy hökmünde kesgitlenýär. 2. Amerikan alymy P. Monro we onuñ tarapdarlary terbiýäniñ döreýşini «çagalaryñ uly adamlara añsyz öýkünmeginiň netijesidir» diýip düşündirýärler. Görnüşinden belli bolşy ýaly, olaryň nazary garaýşy Z. Freýdiňkä meňzeýän hem bolsa, ony gös-göni gaýtalamaýar. Başgaça aýdanyňda, Z. Freýdiň nazaryýetinde terbiýä diňe şahsyýetiň hususy içki meýillerine baglylykda seredip, çaganyň öýkünýän adamlary diňe maşgalanyň çäginde kesgitlenýän bolsa, P.Monro öýkünme hadysasyna çaganyň ösüş döwürlerine baglylykda tutuş gurşaýan jemgyýetiň täsirini göz öňünde tutýar. .

Terbiýe dar manyda – bu öňde goýlan aýdyň terbiýeçilik meselesini ýerine ýetirmäge gönükdirilen iş we onuň netijesidir. Pedagogika ylmynda «terbiýe» düşünjesi onuň esasy toparlaryny aňlatmak üçin-de ulanylýar. Mysal üçin, «beden terbiýesi», «ahlak terbiýesi», «etiki terbiýe» we başgalar. Terbiýe diýlende – adamlaryň belli bolan bilimleri, başarnyklary, pikirlenmegiň görnüşleri, ahlak, etiki, hukuk kadalary, umuman, adamzadyň özüniň taryhy ösüş döwründe toplan ruhy mirasy diýip düşünmek maksadalaýyk bolar. Edep – jemgyýetiň täsirinde adamda belli bilimleriň, garaýyşlaryň we ynamlaryň, ahlak gymmatlyklarynyň, syýasy düşünjeleriň, onuň durmuşa taýýarlygynyň emele gelmegidir. Pedagogikanyň esasy düşünjeleriniň biri-de okatmakdyr. Okatmak – bu ýörite gurnalan, maksada gönükdirilen, dolandyrylýan, mugallymlar we okuwçylaryň aragatnaşygy bolup, onuň netijesinde bilimler, başarnyklar, endikler emele gelýär we özleşdirilýär, akyl derejesi ösýär, okuwçylaryň dogry dünýägaraýşy terbiýelenýär, olaryň özbaşdak okamak endikleri berkidilýär. Okatmagyň esasyny bilimler, başarnyklar, endikler we öwrendikler düzýär. Mugallym tarapyndan maglumatlar beýan edilýär, okuwçylar tarapyndan olar özleşdirilýär. Bilim – bu okatmagyň netijesidir. Öwredilýän dersleriň doly özleşdirilmegidir. Bilim okuwçynyň özleşdirilen, ulgamlaşdyrylan bilimleriniň, başarnyklarynyň, endikleriniň, pikirlenmeleriniň görnüşleridir. Döwrebap bilim bermek her bir pedagogyň borjudyr.


Получите в подарок сайт учителя

Предмет: Всем учителям

Категория: Планирование

Целевая аудитория: Прочее

Скачать
Okuwçyny terbiýelemekde pedagogikanyň roly.

Автор: Meredow Gurbandurdy

Дата: 11.02.2021

Номер свидетельства: 572877


Получите в подарок сайт учителя

Видеоуроки для учителей

Курсы для учителей

Распродажа видеоуроков!
ПОЛУЧИТЕ СВИДЕТЕЛЬСТВО МГНОВЕННО

Добавить свою работу

* Свидетельство о публикации выдается БЕСПЛАТНО, СРАЗУ же после добавления Вами Вашей работы на сайт

Удобный поиск материалов для учителей

Ваш личный кабинет
Проверка свидетельства