kopilkaurokov.ru - сайт для учителей

Создайте Ваш сайт учителя Курсы ПК и ППК Видеоуроки Олимпиады Вебинары для учителей

Конспект открытый урока на тему :"Çalgy daşly stanok."

Нажмите, чтобы узнать подробности

Открытый урок трудового обучения (мальчики)  по теме: "Наждачный станок"

Вы уже знаете о суперспособностях современного учителя?
Тратить минимум сил на подготовку и проведение уроков.
Быстро и объективно проверять знания учащихся.
Сделать изучение нового материала максимально понятным.
Избавить себя от подбора заданий и их проверки после уроков.
Наладить дисциплину на своих уроках.
Получить возможность работать творчески.

Просмотр содержимого документа
«Конспект открытый урока на тему :"Çalgy daşly stanok."»









Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow:

Türkmenler ýöne ýere ,,Adam eli-gyzyl gül” diýmeýärler.Agajyň miwesinden belli bolşy ýaly, adam hem zähmeti bilen meşgurlyga eýe bolýar.



AÇYK SAPAK



Tema:Çalgy daşly stanok.

Taýýarlan:Balkanabat şäherindäki daşary ýurt

dillerine ýöriteleşdirilen 15-nji orta

mekdebiň zähmet-çyzuw mugallymy

Ymamberdiýew Möwlamberdi.









Balkanabat ş. 2017ý.



Sapagyň temasy: Çalgy daşly stanok.

Sapagyň maksady: a) Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny ösdürmekde amala aşyrýan özgertmeleri barada okuwçylara gürrüň bermek.

b) Okuwçylara temany giňişleýin düşündirmek, olary stanokda işletmek.

Ç) Okuwçylaryň zähmete bolan ünsüni artdyrmak.

Sapagyň görkezme esbaby: Çyzgylar, gurallar, enjamlar, stanoklar we ş.m.

Sapagyň görnüşi: 25min. adaty.

65-min. amaly-tejribe işleri.

Sapagyň gidişi

  1. Guramaçylyk döwri: Salamlaşmak, gatnaşygy barlamak, okuwçylaryň ünsüni sapaga jemlemek.

  2. Öý işi soramak: Okuwçylardan öýe tabşyrylan ,,Agaç tokar stanogy” diýen temany soramak. Olar bilen sapaga degişli sorag-jogap alyşmak.

  1. Aýlaw üstli önümler nähili ýasalýar?

  2. Agaç-tokar stanogy haýsy böleklerden durýar?

  1. Täze tema: Çalgy daşly stanok.

Agaç işinde ulanylýan isgeneleri, ýonujy gurallaryň kesgiçlerini, paltalary, öý hojalygynda ulanylýan pyçaklary, gaýçylary, syndylary, keserleri, gyrkylyklary ýiteltmek işleri çaluw daşlaryna endigan sürtmek arkaly ýa-da çalgydaşly stanogyň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.

Çalgydaşly stanoklar dürli görnüşde bolýar. Olaryň käbir görnüşi okuw ussahanasynda hem bar.Çalgydaşly stanoklar öý hojalygynda ulanmak üçin birnäçe görnüşde öndürilýär. Çalgydaşyň daşy goragly bolmaly.

Çalgydaşly stanogyň daşlary ownuk ýa-da iri daşjagazlardan birleşdirilip öndürilýär.

Iri daşly stanok işlenilýän önümi inçeltmek, ýukaltmak üçin ulanylýar. Ownuk daşly stanok kesgiçleri ýiteltmek, işlenilýän taslamalary ýylmamak üçin ulanylýar.

Öý hojalygy üçin niýetlenilen çalgydaşly stanoklar öý togunda işlär ýaly öndürilýär. Olar tok birleşdiriji dürtgüç arkaly toga berkidilýär we ýörite işe giriziji we durzujy açar arkaly işledilýär. Çalgydaşly stanok toga birleşdirilmezden öň ýere birikdiriji simi(stanogyň daşky göwresinde “┴” belgili nurbata çatylyp birikdirmeli) çatylmalydyr.

Her bir okuw ussahanasynda dürli görnüşli çalgydaşly stanoklar bolýar. Olar ýere birikdirilendir we magnit goýberiji basgyçlar arkaly işe girizilýär. Käbir çalgydaşly stanoklar goraýjy aýnaly hem bolýar.

Eger goraýjy aýnasy bar bolup, ol hem ýapyk ýagdaýda bolmasa stanok işlemeýär.

  1. Täze temany berkitmek: Sapaga degişli sorag-jogap geçmek.

  1. Ownuk çalgy daşly stanokda haýsy işler ýerine ýetirmeli?

  2. Çalgy daşly stanok haýsy böleklerden durýar?

  1. Amaly-tejribe işleri:

Çalgydaşly stanokda işlenilende berjaý

edilmeli howpsuzlyk düzgünleri.

Işdäki howply ýagdaýlar:

  1. Gözüň ýaralanmagy;

  2. Eşigiň stanogyň aýlanýan açyk ýerine ilişmegi;

  3. Ýiteldilýän zadyň elden sypyp howply ýagdaýy döretmegi.

Işiň öň ýanynda:

  1. Ýöriteleşdirilen geýimleri geýip ilikleriňi ildirmeli, bagjyklary daňmaly;

  2. Stanogyň hoply ýeriniň ýapysynyň, çalgydaşynyň we syçratgyny saklaýjy ekranyň abatlygyny barlamaly;

  3. Ýer bilen birikmäniň abatlygyny barlamaly;

  4. Stanogy boş hereketde işledip barlamaly;

  5. Işiň öň ýanynda goraýjy ekrany goýbermeli ýa-da goraýjy äýnegi dakynmaly.

Iş wagtynda:

  1. Ýiteldilen guraly pugta, ynamly tutup, endigan, gaty basman, çalgydaşyň gorizontal okunyň ýokary ýanynda tutmaly;

  2. Ýiteldilýän guralyň ýagdaýyny eglip golaýyndan synlamaly däl;

  3. Ýitiligiň ýagdaýy howpsyz ýere çykarylandan soň barlanylmaly;

  4. Kütek önümleri çalgydaşy bilen ýiteltmek işlerini geçirmeli;

  5. Zerurlyk ýüze çyksa, stanogy söndürip, stanogyň ýanyndan aýrylmaly we doly togtaýança garaşmaly.

Iş gutarandan soň:

  1. Stanogy söndürmeli we çalgydaşy doly durandan soň stanogy hem-de iş ýerini arassalamaly. Eliňi ýuwmaly.

  2. Özüňi we ýöriteleşdirilen geýimleri tertipleşdirmeli.

  3. Stanogy mugallyma tabşyrmaly.

  1. Sapagy jemlemek, okuwçylary bahalandyrmak.

  2. Öý işi tabşyrmak: ,, Çalgydaşly stanok” diýen temany okamak, isleg boýunça önüm ýasamak.








Получите в подарок сайт учителя

Предмет: Технология (мальчики)

Категория: Уроки

Целевая аудитория: 6 класс.
Урок соответствует ФГОС

Скачать
Конспект открытый урока на тему :"Çalgy daşly stanok."

Автор: Имамбердыев Мовламберды

Дата: 27.03.2017

Номер свидетельства: 403673


Получите в подарок сайт учителя

Видеоуроки для учителей

Курсы для учителей

Распродажа видеоуроков!
1440 руб.
2400 руб.
1430 руб.
2390 руб.
1270 руб.
2110 руб.
ПОЛУЧИТЕ СВИДЕТЕЛЬСТВО МГНОВЕННО

Добавить свою работу

* Свидетельство о публикации выдается БЕСПЛАТНО, СРАЗУ же после добавления Вами Вашей работы на сайт

Удобный поиск материалов для учителей

Проверка свидетельства