Просмотр содержимого документа
«Magyymguly edep-terbiýe mekdebi.»
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow:
–Magtymguly döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrdy. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow:
–Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr.
Magtymguly-milli edep –terbiýe mekdebi
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün ör boýuna
PAŞ EDER SENI
Içki syryň aýtma her bir namarda, Syryň ile ýaýyp, paş eder seni. Ogry-kezzap bilen obadaş bolma, Malyňdan aýyryp, aç eder seni.
Sam-sam adam bilen oturma, turma, Zynhar, namart bilen sen söhbet gurma, Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme, Barsaň, depesine täç eder seni.
Bir goç ýigit näzenine ýar bolsa, Jemalyny bir görmäge zar bolsa, Aralykda bir şum rakyp bar bolsa, Ýagşy dostuň bilen öç eder seni.
Sopular ýaňylyp aýtmaz senany, Säher tursaň, geçgeý barça günäni, Aýtmawer gybat söz, etme zynany, Dowzahyň oduna duş eder seni.
Magtymguly, ile ýaýdyň nesihat, Zynhar, ýaman bilen bolmagyn ülpet, Huda berse sagadatly bir perzent, Garrygan çagyňda ýaş eder seni.
BAŞ BOLMAŇ
Nesihat eýläýin, diňläň, ýigitler,
Pis hatyn başlagan toýa baş bolmaň!
Müň nesihat aýtsaň, birisin tutmaz,
Agzybir bolmagan öýe baş bolmaň!
Deňňene eýleme, salyşma kylmaň,
Arassa söwda et, çalyşma kylmaň,
Hoş mylaýym boluň, kem suhan bolmaň,
Menden zynhar, iliň bilen kaş bolmaň!
Hergiz ataň bolsa, bolmagyl kepil,
Burunkydan galan: “Kepiller sepil”,
Men aýdaýyn, diňlemeseň, özüň bil,
Aýaklaşma edenlerge baş bolmaň!
Nesihat diňleseň, ärniň äri sen,
Almasaň nesihat, köpüň biri sen,
Artyk salgydyny öziň tölir sen,
Agzy ala kowumlara baş bolmaň!
Dogry ýörgen, dogry gezgen dok bolar,
Biwagt ýörgen melamata çoh galar,
Ömrüň boýy ýyganaganyň yok bolar,
Haram söýen ýigitlere baş bolmaň!
Hergiz ýaman bilen birge ýöremäňler,
Oýnaýyp güliban, bile barmaňlar,
Kösti ýeter bir gün, ýalan diýmäňler,
Guda-gaýyn bolup, bela duş bolmaň!
Magtymguly, köp söwdaly başyň bar,
Ömrüň uzak, ýüzden aşa ýaşyň bar,
Özüňi bil, özge le ne işiň bar,
Bahabar ýör, hak ýadyndan daş bolmaň!
ZOR BOLAR
Ýagşylykda ile özün tanydan –
Alkyş alyp, derejesi zor bolar.
Ýaman bolup, ýagşylygy unudan –
Öz yzzatyn gider, itden hor bolar.
Muňly bolar myradyna ýetmeýen,
Müýnli bolar hak emrini turmaýan,
Öz ryzkyna hiç kanagat etmeýen
Gözün diker, kişi aşyna zar bolar.
Her kim ýamanlasa deňi-duşuny,
Özi müşgil eder asan işini,
Kim dargatsa akyl bilen huşuny,
Eder işin bilmez, şermisar bolar.
Zehini keç bolar bady ýaňylan,
Biygtyýar bolar goly daňylan,
Göreşde ýykylan, jeňde ýeňilen,
İçi doly namys bilen ar bolar .
Gaýraty kem bolar gahary azyň,
Depgini pes bolar matamda sazyň,
Öýine barsaňyz, bir biňyýazyň,
Göwresi gysylar, köňli dar bolar.
Kim belany satyn alsa başyna,
Reşk edip, rakyplar geçer daşyna,
Tokuş etse kim başarmaz işine,
Söwdasyndan gele bilse, är bolar.
Soňun toba etmez ýaňylyp-ýazan,
Ot ýaksaň gaýnamaz bir gury gazan,
Pähm ediň, her ýerde bir päli azan,
Ýowuz musallata sezewar bolar.
Hazyna dönüpdir ömrüm ter güli,
Nazaryn pes tutar ilden, bergili,
Biykbal, ýazykly, ýaman görgüli
Uçraş gelse, bir ýamana ýar bolar.
Öňde, yzda görseň her kes gulamyn,
Ondan aýamagyn taňry salamyn,
Kim okyp unutsa hakyň kelamyn,
Kyýamat gün iki gözi kör bolar.
Haly müşgil bolar köýüp-ýananyň,
İmany şikest tapar haram iýeniň,
Kastdan roza, namazyny goýanyň,
Özi küfür, biliň, jaýy dar bolar.
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şagratgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!
GYMMAT ÝAGŞYDYR
Söwdagärlik kylylp bazar gezenden,
Alsam nesihatym, gymmat ýagşydyr.
Hatam bolup, günde gyzyl berenden,
Köňülde edilen hümmet ýagşydyr.
Bir mert ýagşy muhannesiň ýüzünden,
Söweş güni sanjar ganym gözünden,
Her kim tapylmasa aýdan sözünden,
Dine müňkür bolan ýezit ýagşydyr.
Haýr işin terk edip, bet iş yzlandan,
Dost bolup, dostundan syryn gizländen,
Hudany unudyp, ýalan sözländen –
Läkin, lal oturyp, dymmak ýagşydyr.
Kadyr eýäm jismimizi bar eden,
Biakyldyr hak işine ar eden,
Bimahal salyngan bozuk köprüden,
Jähennem üstünde syrat ýagşydyr.
Bäş wagty berjaý kyl, musulman bolsaň,
Bilip ahyrýetiň, gamyny iýseň,
Janyň barlygynda haýyr gazansaň,
Rahat ýatjak ýeriň – kümmet ýagşydyr.
Söz magnysy çykar bir ýagşy jaýdan,
Bihabarlar aýra düşer hudaýdan,
Bäş wagty bilmegen bihabar baýdan,
Ärsiz, pirsiz loly arwat ýagşydyr.
Magtymguly, gördüň ýagşy-ýamany,
Ýalançynyň bolmaz anty-imany,
Bir ak öýe barsaň, almaz myhmany,
Her kimiň öz ili – ymmat ýagşydyr.
GIDIJI BOLMA
Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý:
Watany terk edip, gidiji bolma!
Özüňden egsik bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma!
Hyzmat kylsaň, bolsun bir asylzada,
Ata-babasyndan beýik begzada,
Her çent eger bolsa aj-u uftada,
Ýanyndan bir zaman gidiji bolma!
Akmaýyn galmazdyr bir akan aryk,
Bir tende adam ki, semizdir aryk,
Bar ýüzi burukdyr, ýok ýüzi çirik,
Çirik diýip, gaty söz aýdyjy bolma!
Ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk,
Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk,
Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk,
Ýüwrükni çamanga satyjy bolma!
Bir nesihat bereý, pendimi alsaň,
İmtiýaz eýlegil, otursaň-tursaň,
İdegsiz-habarsyz bir ýere barsaň,
Kişi aşynyň duzun dadyjy bolma!
Çagyrlan ýere bar, oturgyl, turma,
Çagyrylmagan ýere görünme, barma,
Uýalmas kişi dek süýrenip ýörme,
Buýrulmagan işi ediji bolma.
Eger sen hem bolsaň nerm-u mylaýym,
Sen mylaýym bolsaň, guluň bolaýym,
Gulagyma bergen pendiň alaýym,
Kişige gaty söz aýdyjy bolma.
Nem düşmese gökden, ýer neý götermez,
Ýygylsa müň gaýgy, bir iş bitirmez,
Är ýigit köňlüne gaýgy getirmez,
Namart ogly deýin gaýgyçy bolma.
Mert oguldyr, ilge ýaýar desterhan,
Dogry söz üstünde berer şirin jan,
Ömrüni ötgerip diýmesdir ýalan,
Jäht eýläp ýalan söz aýdyjy bolma.
Sahty-dil kükregi hergiz boş bolmaz,
Herniçe şatlansa, köňli hoş bolmaz,
İki ýagşy bir-birewge duş bolmaz,
Ýagşyny ýamana çatyjy bolma.
Töwekgel ner erer, endişe – maýa,
Köňlüňni iberme her kaýsy jaýa,
Barçanyň yşanjy kadyr allaýa –
Alladan özgäge söýenji bolma.
Okur bolsaň, ok ur nebsiň gözüne,
Gara, çyn göz bile müshef ýüzüne,
Aldanyp girmegil şeýtan sözüne,
Allanyň emrine goýgujy bolma.
Aýdarlar: “Ýyrtyk don görse, it gapar”,
“ Päli ýaman bende, hudadan tapar”,
Ahyry bir güni kylar sen sapar,
Dar köňül pyglyny tutujy bolma.
Taýýarlan:Kerki etrabynyň informatika mugallymy Aýsoltan Tairowa.