Просмотр содержимого документа
«Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersinden "Tehnologiýa" tema»
1801-1804-nji ýyllarda fransuz oýlap tapyjysy Žozef Mari Žakkar tikin maşynlaryny aftomatiki dolandyrmak üçinperfokartanyulanypdyr.
Jozef Mari Žakkaryň stanogy
1801-1808-nji ýyllarda fransuz oýlap tapyjysy Jozef Mari Žakkar uly ýol-ýol matalary işläp bejermek üçin maşyn döretdi. Onuň sapaklaryny dolandyrmak üçin onda ýörite perfokartalar peýdalanylypdyr.
1820-nji ýylda Karl Ksawýe Tomas elzases arifmometri üçin patent alýar. Ol dünýäde ilkinji bolup arifmometri öndürýän önümçilige ýolbaşçylyk edipdir. Ilkinji 50 ýylyň dowamynda ol 1500 sanysyny taýýarlap satuwa çykarypdyr.
1820 – mehaniki kalkulýator
Ilkinji goşup, aýryp, köpeldip we bölüp bilýän mehaniki kalkulýatory Çarlz Ksawýer Tomas döretdi.
Mehaniki kalkulýatorlaryň uly depgin bilen ösmekligi 1890-njy ýylda onuň peýdaly funksiýalarynyň hataryna:
Aralykdaky netijeleri indiki operasiýalara çenli ýatda saklap bilmekligi
Netijeleri çap etmekligi goşuldy.
Şeýle gymmat bolmadyk we ynamdar maşynlaryň döredilmegi olary söwda işleri we ylmy hasaplamalr üçin ulanmaklyga mümkinçilikler berdi.
Çarlz Bebbij (1791-1871 ýý.)
1823-nji ýylda Angliýa alymy Çarlz Bebbidž programmalaýyn dolandyrylýan awtomatiki “Dürli funksiýaly maşynlaryň” çyzgysyny işläp taýýarlaýar.
Bebbijiň hasaplaýyş maşyny (1820-1832 ýý.)
1833-1871-nji ýyllarda Çarlz Bebbidž “Analitik maşynyň” çyzgysyny hödürleýär. Onuň bu maşyny 3 bölekden durupdyr:1. Sanlary ýatda saklamak üçin gurluş.2. Sanlaryň üstünde operasiýalary ýerine ýetirmek üçin gurluş.3. Perfokartalaryň kömegi bilen operasiýalary dolandyrmak üçingurluş.
1826-njy ýyldaBu barada rus fizigi we pedagogy Iwan Dwigubskiý özüniň “opytny fizikanyň başlangyçlarynyň esaslary” kitabynda ýazýar. Fizikanyň we ýarymgeçiriji tehnikanyň ösüşimikroprosessorlaryňdöredilmegine getirdi.
1828-nji ýylda rus armiýasynyň general-maýory F.M.Slobodskiý hasap enjamlaryny döredýär. Onuň bu enjamy ýörite tablisalara derek goşmak we aýyrmak arifmrtiki amallaryny ýerine ýetirpdir.
1831-nji ýylda M.Faradeý induktiw togy açypdyr.
1832-nji ýylda rus alymy, oýlap tapyjysy we diplomaty P.L.Şilling ilkinji bolup Peterburgdaky Gyş köşgüniň we General ştabynyň arasynda işleýän elektromagnit telegrafynyň sistemasyny hödürläpdir we gurupdyr.
1834-nji Mari Amper
1837-nji ýylda Şilleriň telegraf aragatnaşygy baradaky işlerini akademik w. S.Ýakobi Peterburgda dowam etdirýär. Ol 1850-nji ýylda harplary çap etýän enjamy oýlap tapypdyr.
XIX asyryň 30-40-njy ýyllarynda Amerikan oýlap tapyjysy we suratkeşi Semýuel Morze telegraf enjamyny we aragatnaşyk çyzygyny döredýär we amalyýetde giňden peýdalanýar. Şonuň ýaly-da ol harplary kodirlemegi, sanlary, nokady, kese çyzygy we belgileri özünde saklaýan harplygy işläp düzýär
Semýuel Morzeniň telegraf enjamy.
1845-nji ýylda Z.Ý.Slominskiniň “Goşmak we aýyrmak üçin snarýad” atly goşýan maşynyna, ýagny hasaplaýjy enjamyna patent tölenipdir. Ol bu enjamy üçin Demidowskiniň sylagyny hem alypdyr.
1846-njy ýylda “Kummeriň hasaplaýjysy” döredilipdir. Onda dişli halkalara derek kremalýerler ulanylypdyr. Onuň prinsipi esasynda 1949-njy ýylda SSSr-de “Progress” maşyny döredilipdir.
1847-nji ýylda Angliýaly matematik we logikaçy Džordž Bul “Matematiki seljermäniň logikasy” diýen eserinde bulewoý algebranyň esasyny düzüpdir. 1854-nji ýylda “Pikirlenmaniň kanunlarynyň “ atly işini ösdüripdir. Džordž Bul häzirkizaman matematiki logikasynyň esaslandyryjysy hasaplanylýar.
1850-nji ýylda ABŞ-ynda D.Parmelýä ilkinji bolup klawişaly goşýan maşyny döredendigi üçin hak tölenipdir.
EHM üçin ilkinjiprogramma düzen Аdа Lawleýs
(1815-1852 ýý.)
Hasaplaýyş maşynlaryny döretmekligiň zerurlygyna düşünen alymlaryň arasynda Angliýa ýazyjysy Lorda Baýronyň gyzy Ada Awgusta lawleýs hem bolupdyr. Ol Bebidži özüniň esaslandyran hasaplaýyş maşynynda onluk hasaplaýyş ulgamyna derek ikilik hasaplaýyş ulgamyny peýdalanmaklyga yrypdyr. Şonuň ýaly-da ol programmirleme dilini döretmek üçin esasy prinsipleri işläp taýýarlapdyr. Şonuň üçin hem häzirki zaman programmirleme dilleriniň biri Ada Awgusta lawleýsiň hatyrasynaADAdiýlip atlandyrylýar.
1857-nji ýylda AmerikalyTomas Hil dünýäde ilkinji bolup iki derejeli maşyny döredýär.
1867-nji ýylda Rossiýanyň ylmy akademiýasynyň wise prezidenti Wladimir Ýakowlewiç Bunýakowskiý rus hasaplaýjy maşynynyň düzgünlerine esaslanyp işleýän hasaplaýjy mehanizmi döredýär.
-1968-1969-njy ýyllarda rus oýlap tapyjysy P.P.Knýaginskiý ilkinji toplaýjy maşynyny, ýagny “Awtomat-toplaýjy” döredipdir.-XIXasyryň ikinji ýarymynda meşhur rus matematigi M.B.Ostrogradskiniň okuwçysy I.A.Wyşnegradskiý awtomatiki tertipleşdirme teoriýasyny işläp düzýär.
1875-nji ýylda Londonly inžener U.Smit dünýäde ilkinji bolup ýarymgeçirijili enjamy-fotometritaýýarlaýar.
1876-njy ýylda Amerikan esaslandyryjysy A.G.Bell telefon oýlap tapandygy üçin hak alýar.
1877-nji ýylda nemes matematigi Ernst Şrederiň “Logikanyň algebrasy” atly işi çap edilýär.
1878-nji ýylda A.G.Bell özüniň kömekçisi Teýnter bilen dünýäde ilkinji gezek 213m aralykdan fotofonyň, ýagny özünde fotometri we telefony saklaýan gurluş bilen arabaglanyşygy gurapdyr.
1884-1887-nji ýyllarda 24 ýaşly amerikaly Ýu.D.Felt S.Tarant bilen “Komptometr” atly klawişaly hasap maşynyny işläp düzýär we bilelikde öndürýärler.
1885-nji ýylda Amerikaly U.Berrouz berlen sanlary we hasaplamanyň netijesini çap etýän maşynyny taýýýarlamagy tamamlaýar. 1886-njy ýylda ol T.Metkalfom, P.M.Skragtsom we H.Paem dagylar bilen dünýäde ilkinji hasap maşynlaryny öndürýän zawody döredipdir.
German Hollerit (1860-1929 ýý.)
1888-nji ýylda Amerikada G. Hollerit aýratyn gurluşy- tabulýatory döretýär.
XIX asyryň ikinji ýarymynda fransuz suratkeşi Jorj Sera “pauntilizm” atly surat çekmegiň usulyny rastr ekranlarynyň işine esaslanýan elektron analogiýasynda hödürläpdir.
1895-nji ýylyň 25-nji aprelinde A.S.Popow Rossiýadaky fizika-himiýa jemgyýetiniň fizika toparynyň ýygnagynda çykyş edýär.
Genri Ford 1863-nji ýylyň 30-njy iýulynda eneden bolýar. 1895-nji ýylda ilkinji benzin bilen işleýän maşyny oýlap tapýar. 1947-nji ýylyň 7-nji aprelinde 83 ýaşynda aradan çykýar.