kopilkaurokov.ru - сайт для учителей

Создайте Ваш сайт учителя Курсы ПК и ППК Видеоуроки Олимпиады Вебинары для учителей

9-njy synp üçin Döwrebap tehnologiýalar dersi

Нажмите, чтобы узнать подробности

Döwrebap tehnologiýalar 9 synp üçin maksatnama

Просмотр содержимого документа
«9-njy synp üçin Döwrebap tehnologiýalar dersi»


Düşündiriş haty

Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary”

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2017-nji ýylda kabul edilen “Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmek hakynda” Konsepsiýa bilimiň “Tehnologiýa” ulgamyny aýratyn ösüşe getirip, 2019-2020 ýyllardan başlap, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde “Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary” diýen dersiniň girizilmegine getirdi.

“Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary” dersiniň esasy maksady ylmy maglumat - tehnologik dünýägaraýşyny, tehnologik medeniýetini, ynsanperwer anyklaýjy dünýägaraýşyny emele getirmekden ybaratdyr.

“Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary” ders ylmyň we tehnologiýalaryň önümçilikde, energetikada, aragatnaşyk ulgamynda, oba hojalygynda, ulagda, lukmançylykda, bilimde we adamyň işiniň beýleki dürli ugurlarynda ulanylyşyny görkezýän takyk, tebigy we ynsanperwer ylymlaryň tehnologiýalar bilen birlikdäki garyşyk integrirlenen häsiýetindedir.

“Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary” dersiň baş maksady okuwçylarda häzirki zaman dünýäde tehnologiýalaryň ähmiýetine düşünmekligi emele getirmekden, döredijilik başarnyklaryny we ukyplaryny ösdürmekden ybaratdyr.

Häzirki zaman dünýäde “Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmek hakynda” kabul edilen Konsepsiýa laýyklykda, okuwçylaryň tehnologiýa sowatlylygyny emele getirmek has ähmiýetli bolýar. Bu ders okuwçylara diňe bir tehnologiýa işiniň mümkinçiliklerini we netijeligini göz öňüne getirmeklige we düşünmeklige ýol açman, eýsem özleriniň durmuş we hünär geljegini meýilnamalaşdyrmagyna we kesgitlemegine hem ýol açar.

“Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary” dersiň sapaklaryny işjeň we interaktiw görnüşde (kompýuter, iş we rol oýunlar, taslama iş arkaly internet maglumatlaryndan peýdalanyp, kesgitlenen tematika boýunça anyk meseleleri çözmeklik we ş.m.), mekdepden daşary işler bilen sazlaşykly, alymlar we dürli pudaklaryň öňdebaryjy hünärmenleri bilen duşuşyklary gurnamak üsti bilen geçirmek maslahat berilýär.

Orta mekdepler üçin niýetlenen “Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary”




okuw dersi okuw maksatnamasyna laýyklykda hepdede 1 sagat okatmak göz öňünde tutulan.

Ýylda jemi 34 sagat, olardan 2 sagat taslama işler üçin, 2 sagat ylmy-gözleg barlaghanalara we önümçilige syýahat etmeklik üçin göz öňünde tutulan. Okuw dersiniň maksatnamasy 6 bapdan ybaratdyr.

1-nji bap. Tehnologiýalaryň jemgyýetiň ösüşine täsiri

2-nji bap. Tehnologiýalar, tehnika we zähmet

3-nji bap. Maddy önümçiligiň, hyzmatyň we sosial pudaklaryň

häzirkizaman tehnologiýalary

4-nji bap. Innowasion tehnologiýalar

5-nji bap. Tehnologiýalar we daşky gurşaw

6-njy bap. Türkmenistan durnukly ösüş ýolunda.

Okuw dersini öwrenip, okuwçylar

bilmeli:

halk hojalygynyň dürli pudaklarynda peýdalanylýan esasy konserwatiw, däp bolan we innowasion tehnologiýalary;

peýdalanylýan innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini we netijelerini;

başarmaly:

häzirki zaman tehnologiýalary tanamak;

täze tehnologiýalaryň ykdysady we sosial ähmiýetini bahalandyrmak;

innowasion tehnologiýalaryň ylmy, ylmy-tehniki maglumatlaryny derňemek we tankydy pikirlenip düşünek;

innowasion tehnologiýalara geçmekligiň zerurlygyny esaslandyrmak;

meseläniň çözgüdiniň meýilnamasyny düzmek, meseläni çözmekligiň ýollaryny hödürlemek, taslama işlerini taýýarlamakda maglumat berýän edebiýatdan, internetden, kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanmak.









Maksatnama

Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary

1-nji bap.

Tehnologiýalaryň jemgyýetiň ösüşine täsiri (4 sagat)

Adam we tebigat. Dünýä göz ýetirmek. Adamyň dünýä göz ýetirmeginiň özboluşly häsiýeti. Bilim – başarnyk we bilim – dessur. Dünýäni tanamakda ýazuwyň ähmiýeti.

Häzirkizaman ylmy bilimleriň esaslarynyň döremegi. Dünýä göz ýetirmekligiň adaty ylmylygy. XIX asyryň wajyp ylmy açyşlary. Adaty ylmy açyşlaryň tebigaty öwrenmek üçin döredilen täze gurallaryna täsiri. Ylmy-tehniki rewolýusiýanyň jemgyýetiň ösüşine edýän täsiri. Informasion jemgyýetiň döremegi.

2-nji bap.

Tehnologiýalar, tehnika we zähmet (2 sagat)

Tehnologiýa ylmyň, tehnikanyň, medeniýetiň we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ösüşine täsir edýän umumadamzat medeniýetiniň bir bölegi hökmünde. Tehnologiki medeniýet hakynda düşünje. Tehnologiýa we tehnika. Injenerçilik. Tehnologiýanyň özara şertlendirilişi. Zähmet medeniýeti barada düşünje. Zähmet medeniýetiniň adam üçin ähmiýeti.

3-nji bap.

Maddy önümçiligiň, hyzmatyň we sosial pudaklaryň häzirkizaman tehnologiýalary (14 sagat)

Tehnologiýalaryň ösüşüne ähmiýetli täsir eden ylmy açyşlar. Senagatda, elektroenergetikada häzirkizaman tehnologiýalary hakynda düşünje. Elektrotehniki we radioelektron önümçilikde häzirkizaman tehnologiýalary. Nebitgaz we himiýa toplumlarda, gurluşyk industriýasynda , ulag ulgamynda ulanylýan häzirkizaman tehnologiýalar. Ýeňil senagatda häzirkizaman tehnologiýalar. Iýmit önümçliginde häzirkizaman tehnologiýalar. Oba hojalyk önümlerini öndürmekde häzirkizaman tehnologiýalar. Önümçilik prosesiniň awtomatizasiýalaşdyrylmagy we robotlaşdyrylmagy. Bilimde, medisinada, medenýetde häzirkizaman tehnologiýalar.

4-nji bap.

Innowasion tehnologiýalar (4 sagat)

Innowasion işiniň ähmiýeti. Innowasion önümler we tehnologiýalar. Makrodünýä, nanodünýä, mikrodünýä we megadünýä hakynda düşünje. Modelirlemek we onuň senagat üçin ähmiýeti. Nanomateriallar we olary almagyň tehnologiýasy. Nanotehnologiýanyň gurallary. Nanotehnologiýanyň gelejegi. Senagat, medisina, bilim üçin nanotehnologiýalaryň ähmiýeti.

5-nji bap.

Tehnologiýalar we daşky gurşaw (4 sagat)

Adamyň hojalyk işi daşky gurşawyň hapalanmagynyň esasy sebäbi hökmünde. Atmosferanyň, topragyň we suwuň hapalanmagynyň esasy çeşmeleri. Hojalyk işiniň ekologik netijelerini peseltmek üçin önümçiligi rasional ýerleşdirmek. Daşky gurşawa ýaramaz täsir edýän önümçiligi peseltmegiň ýollary: ekologik taýdan arassa we galyndysyz tehnologiýalardan peýdalanmak; galyndylary ýoklamak.

6-njy bap.

Türkmenistan durnukly ösüş ýolunda. (2 sagat)

Türkmenistanda infrastrukturanyň modernizasiýasy. Innowasiýalary goldamakda döwlet syýasaty.

Taslama işler – 2 sagat. Önümçilik kärhanalara we ylmy-gözleg laboratoriýalara gezelençler-2 sagat.


Получите в подарок сайт учителя

Предмет: Информатика

Категория: Планирование

Целевая аудитория: 9 класс

Скачать
9-njy synp üçin Döwrebap tehnologiýalar dersi

Автор: Юлдашов Мураджан Давлатярович

Дата: 16.12.2020

Номер свидетельства: 567191

Получите в подарок сайт учителя

Видеоуроки для учителей

Курсы для учителей

ПОЛУЧИТЕ СВИДЕТЕЛЬСТВО МГНОВЕННО

Добавить свою работу

* Свидетельство о публикации выдается БЕСПЛАТНО, СРАЗУ же после добавления Вами Вашей работы на сайт

Удобный поиск материалов для учителей

Ваш личный кабинет
Проверка свидетельства