Просмотр содержимого документа
«Ýeňil atletikanyň ähmiýeti.»
Ýeňil atletika
Ýeňil atletika ― sportuň ylgaw, pyýada sport ýöreýşi, böküş we dürli agyrlyklary zyňma, köp görnüşli ýaryşlar(mnogoborýe), şossede ylgaw hem-de kross ― päsgelçilikli ýerlerden ylgaw ýaly görnüşlerini özünde jemleýär. Ol sportuň «Olimpiýa maşgalasyna» degişli esasy we has köpçülikleýin görnüşdir.
Ýeňil atletika boýunça maşklar bedeni fiziki taýdan taplamak maksady bilen has gadymy döwürlerde-de ýerine ýetirilipdir. Ýeňil atletikanyň taryhy b.e.ö 776-njy ýylda Gadymy Gresiýada geçirilen Olimpiýa oýunlaryndaky ylgaw ýaryşyndan gözbaş alýar.
Ýeňil atletikany köplenç «sportuň şazenany» diýip atlandyrýarlar. Oňa sportuň köp sanly görnüşleri degişlidir — dürli aralyklara ylgamak, uzak aralyga bökmek, daş zyňmak we beýlekiler. 7-8 ýaşlaryňda onuň ilkinji basgançaklaryna gadam basyp, gyzlar ýetginjek ýaşa ýetip, onuň haýsy hem bolsa bir görnüşini saýlap, şoňa ýöriteleşip bilerler.
Ýeňil atletika bilen meşgullanan mahalyň, ýürek-damar, süňk-myşsa we dem alyş ulgamlaryň berkeýär, tizligiň, güýç-gaýratyň, erjelligiň hem-de çydamlylygyň artýar. Psihikaň has çeýe bolýar, ýeňşe bolan erk, maksada okgunlylyk, jogapkärçilik terbiýelenýär. Üstesine, ýeňil atletika sportuň beýleki görnüşleri bilen deňeşdireniň hem elýeterli sportdur.